Hytaý Bilen Arap Ligasy Ysraýyl režimiň Hüjümlerini Ýazgardy
(last modified Sat, 01 Jun 2024 08:34:28 GMT )
Jun 01, 2024 13:34 Asia/Ashgabat
  • Hytaý Bilen Arap Ligasy Ysraýyl režimiň Hüjümlerini Ýazgardy

Hytaý bilen Arap Ligasyna agza 22 ýurduň wekili paýtagt Pekinde geçirlen Hytaý-Arap hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşdy.

Hytaý bilen Arap Ligasyna agza ýurtlar, Ysraýylyň palestin halkyna garşy guraýan hüjümlerini ýazgardy.

Hytaý bilen Arap Ligasyna agza 22 ýurduň wekili paýtagt Pekinde geçirlen Hytaý-Arap hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşdy.

Hytaý-Arap hyzmatdaşlyk forumyndan soň Palestina meselesinde beýannama berildi.

Beýannamada, Gaza Sektorynda ilatly ýerleriň, hassahanalaryň, mekdepleriň, metjitleriň, buthanalaryň hatardan çykarylýandygy nygtalyp, “Ysraýylyň palestin halkyna garşy guraýan hüjümlerini berk ýazgarýarys” diýildi.

Hytaý bilen Arap ýurtlary, Palestinanyň BMG-na agza bolmagyny weto eden ABŞ-ny hem ýazgarýandyklaryny mälim etdi.

Halkara jemgyýetçiligine hem Palestin döwletiniň garaşsyzlygy we meseläniň halkara hukugyna laýyklykda çözülmegi üçin çagyryş berildi.

Şeýle-deYsraýylyň harby goşunynyň 20 günden bäri yzygiderli ýagdaýda guraýan hüjümleri sebäpli Gaza Sektorynyň demirgazygynda ýerleşýän Jibaliýa harabalyga öwrüldi.

Ysraýylyň harby goşuny 20 gün ozal Gazanyň demirgazygynda ýerleşýän Jibaliýa sebitine hüjüm guramaga başlady.

Hüjümler sebäpli sebitde ýaşaýan 100 müňden gowrak palestinaly öýlerini terk etdi.Tanklar we sowutly ulaglar bilen guralan hüjümler sebäpli Jibaliýa harabalyga öwrüldi.

Jibaliýada palestinaly toparlar bilen Ysraýylly esgerleriň arasynda güýçli çaknyşyklar boldy.Ysraýylly esgerleriň Jibaliýadan çekilmegi bilen palestinalylar sebite geldi.Öýlerine dolanan palestinalylar, öýleriniň ýumrulandygyny gördi.

Emma Ysraýyl, Siriýa Howa Hüjümini Gurady.Ysraýylyň, Siriýanyň Banýas etrabyna guran howa hüjüminde 1 çaganyň ýogalandygy, asuda ilatdan 10 adamyň hem ýaralanandygy öňe sürüldi.

Siriýanyň habarlar gullugy SANA-nyň berýän habaryna görä, ýerli wagt bilen 19.30-da Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleri tarapyndan Banýasda bir bina howa hüjümi guraldy.

Habarda “Hüjümde 1 çaga ýogaldy, asuda ilatdan 10 adam ýaralandy”diýildi.Ysraýylly ýolbaşçylar tarapyndan hüjüm hakynda heniz hiç hili beýannama berilmedi.

Şeýle-de Gazadaky Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginden berlen beýannamada, Ysraýylyň 237 gün bäri Gaza zolagyna garşy guraýan hüjümleri hakynda maglumat berildi.

Beýannamada, Ysraýylyň harby goşunynyň soňky 24 sagatda Gaza guraýan hüjümlerinde 5 gyrgynçylyk edendigi, hüjümlerde ýene-de 53 palestinalynyň pida bolandygy, 357 palestinalynyň hem ýaralanandygy nygtaldy.

Beýannamada, Ysraýylyň harby goşunynyň Gaza zolagyna garşy 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri guraýan hüjümlerinde  şehit bolanlaryň sany 36 müň 224 adama, ýaralananlaryň sanynyň bolsa 81 müň 777 adama ýetendigi ýatladyldy.

Beýanatda mundan başgada ýumrulan binalaryň harabalyklarynyň arasynda we ýoluň gyralarynda ýogalan adamlaryň jesetleriniň bardygy, emma ysraýylly esgerleriň päsgel bermegi sebäpli şol jesetleriň ýygnalyp bilinmeýändigi aýan edildi.

 

 

 

 

Tags