Seýid Hasan Nasrollah şehit boldy
(last modified Sat, 28 Sep 2024 12:50:01 GMT )
Sep 28, 2024 17:50 Asia/Ashgabat
  • Seýid Hasan Nasrollah şehit boldy

Liwanyň Hizbullah hereketi öz beýanatynda Sionist režimi tarapyndan Dahiýany (Beýrutyň günortasy) bombalandan soň Liwanyň Hizbullah hereketiniň baş sekretary Seýid Hasan Nasrollanyň şehit bolandygyny tassyklady.

IRIB habar gullugynyň habaryna görä; Şenbe güni (28-nji sentýabr), Hizbullanyň Liwandaky edarasy Liwandaky Hizbullahyň Baş sekretary Seýid Hasan Nasrollanyň şehit bolandygyny tassyklaýan beýanatda, 2000-nji ýylda Liwanyň azat edilmegi we 2006-njy ýyla çenli dowamly ylahy ýeňişe we beýleki buýsançly söweşlerine çenli we Palestinany, Gazany we ezilen Palestina halkyny goldamak we gahrymançylyk söweşi şehit Seýid Hasan Nasrollanyň durmuşynyň ýapraklaryndandyr diýip ýazdy.

Liwanyň Hizbullah edarasyň beýanynyň dowamynda, Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri Aýytolla Hameneýi, beýik olamalar, mujahidler we imanlylar, garşylyk milleti, Liwanyň sabyrly we mujahid halky, Yslam ymmaty we beýleki adamlar we dünýäniň erkinleri we abraýly we sabyrly maşgalasyna Seýid Hasan Nasrollanyň şehitligini gutlap gynanç bildirmek bilen, Hizbollah iň beýik, iň mukaddes we iň gymmatly şehit bilen duşmana garşy jihady dowam etdirmek, Gazany we Palestini goldamak we güýçli we abraýly Liwany goramakda ähid baglaşýar diýip getirilendir.

Sionist režim söweşijileri öten agşam (anna) Beýrutyň günortasyndaky Dahiýada bir ýaşaýyş jaýyny bombaladylar, netijede Hizbullanyň Baş sekretary Seýid Hasan Nasrollah şehit boldy.

Tags