Eýranyň sebitdäki işjeň diplomatiýasynyň dowamy
(last modified Tue, 22 Oct 2024 13:31:15 GMT )
Oct 22, 2024 18:31 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň sebitdäki işjeň diplomatiýasynyň dowamy

Eýranyň Daşary işler ministri, Bahreýnden gideninden soň geňeş we sebitleýin ýygnaklary dowam etdirmek üçin wekiliýetiň başynda Kuweýte geldi we bu ýurduň häkimiýetleri tarapyndan garşylandy.

Abbas Arakçi sebitdäki diplomatik saparlaryny dowam etdirip, şu sişenbe güni irden Kuweýtiň şazadasy Şeýh Sabah Al-Halid Al-Hamad Al-Sabah bilen duşuşdy we söhbetdeş boldy.

Duşenbe güni öýlän Bahreýniň paýtagty Manamada Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri korol Hamad bin Issa Al Halifa we Daşary işler ministri Abdullatif bin Raşid Al Zaýani bilen duşuşdy.

Arakçi Bahreýn koroly bilen bolan duşuşygynda sebit ýurtlarynyň sionist režimiň jenaýatlaryny we genosidini duruzmak üçin çynlakaý tagallalaryň zerurdygyny aýtdy we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge çagyrdy.

Saparyň başynda Bahreýn koroly Tährana eden sapary we Yslam rewolýusiýasynyň lideri bilen duşuşmagy baradaky gowy ýatlamalary barada gürrüň berdi we Tähranda ýene-de boljakdygyna umyt bildirdi.

Şeýle hem, Bahreýn şasy Eýran Yslam Respublikasynyň sebitdäki parahatçylygy we durnuklylygy goramak we dartgynlylygyň we dawa-jenjeliň güýçlenmeginiň öňüni almak ugrundaky diplomatik ädimlerine ýokary baha berip, öz ýurdunyň urşuň ýaýramagynyň öňüni almak üçin ähli mümkinçilikleri ulanjakdygyny aýtdy.

Bahreýn we Kuweýt sapary, Eýranyň daşary işler ministriniň sebitleýin wakalar bilen baglanyşykly sebit saparlarynyň bäşinji tapgyrydyr. Abbas Arakçi ondan öň Liwana, Siriýa, Saud Arabystanyna, Katara, Yraga, Ummana, Iordaniýa, Müsüre we Türkiýä gidipdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri özüniň şahsy hasabynda Instagram sosial ulgamynda , Diplomatik geňeşmeler sebitdäki parahatçylygyň, durnuklylygyň we durnukly howpsuzlygyň bähbidi üçin dowam eder we ýakyn günlerde prezidentiň Kazana sapary bilen has ýokary derejä çykar diýdi.

Arakçiniň sebit saparlary, Liwanyň Hizbullahynyň Baş sekretary Seýid Hasan Nasrallanyň şehit bolmagyndan bir hepde soň başlandy. Sebit saparynyň başynda 1043-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Liwana gitdi we bu ýurduň ýolbaşçylary bilen duşuşdy we söhbetdeş boldy. Ysraýyl bilen Liwanyň Hizbullahynyň arasynda ot alyşmagyň arasynda Arakçi Günbatar Aziýanyň beýleki ýurtlaryna we Pars aýlagynyň günorta serhedine saparlaryny hem gün tertibine girizdi.

Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn geçirilen bu saparlaryň iň möhüm sebäbi Ysraýylyň sebitdäki uruşynyň öňüni almakdyr.

Bu saparlaryň hemmesinde umumy tema, Ysraýylyň Gazanyň we Liwanyň halkyny öldürmekde dowam etdirýän jenaýatlarynyň öňüni almakdyr.

Arakçiniň bu saparlary, Eýran hökümetiniň goňşulary bilen gatnaşyklaryny giňeltmegiň uguryndadygyny hem görkezýändir. 

 

Tags