Eýranyň sebit strategiýasy, Siriýanyň halkynyň isleglerine ähmiýet bermekdigi
Eýran Yslam Respublikasy, sebitdäki wakalara laýyklykda diplomatik çemeleşmesinde Siriýanyň halkynyň isleglerine ähmiýetini we ünsüni nygtaýar.
Ýekşenbe güni (8-nji dekabr)Eýran hökümetiň ýygnagynda Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Masud Pezeşkiýan Siriýadaky wakalara ünsi çekdi we bu ýurduň agzybirligini, özygtyýarlylygyny we territorial bitewiligini goramagyň zerurdygyny aýtdyp,bu ýurt we onuň syýasy we hökümet ulgamynyň Geljek barada Siriýa halky karar bermeli diýdi,
Eýranyň prezidenti, düşünişmek üçin Siriýa jemgyýetiniň dürli gatlaklarynyň arasynda gepleşikleriň zerurdygyny aýtdy we Siriýanyň halkynyň asuda şertlerde ýaşap bilmekleri üçin harby konfliktiň we zorlugyň gysga wagtda gutarmagyna umyt bildirdi.
Sionist režimiň Siriýanyň çägine edilen hüjümini berk ýazgarmak bilen, Pezeşkiýan bu ýurtdaky we sebitdäki ähli içerki partiýalaryň, Sionistlaryň bikanun hereketine seresap bolmaklaryny islegleri.
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrligi hem Siriýada bolup geçen soňky wakalar barada beýanat ýaýratdy, şol bir wagtyň özünde Eýranyň Siriýanyň agzybirligine, milli özygtyýarlylygyna we territorial bitewiligine hormat goýmak ýörelgesini ýada saldy we ykbaly kesgitlemegiň we karar bermegiň möhümdigini aýtdy.Aslynda Siriýanyň geljegi Diňe weýrançylykly päsgelçiliksiz ýa-da daşary ýurt goşmazdan bu ýurduň halkynyň jogapkärçiligi bolýandyr.
Siriýadaky oppozisiýa toparlary we terroristler, käbir ýurtlaryň goldawy bilen 2024-nji ýylyň 27-nji noýabryndan başlap Siriýanyň goşunynyň ýurduň dürli sebitlerindäki pozisiýalaryna garşy uly hüjüm gurady we ahyrsoňy Damask ýekşenbe güni ýykyldy.
Eýran Yslam Respublikasy diplomatik hereketlerine we çemeleşmelerine Siriýadaky içerki wakalar bilen bir wagtda başlady we bu sebäpli Daşary işler ministri Seýid Abbas Arakçi sebit ýurtlarynyň işgärleri bilen duşuşdy we olar bilen maslahatlaşdy.
Eýran Yslam Respublikasy, sebitleýin hyzmatdaşlygy we gepleşikleri durnuklylyk syýasatlaryny durmuşa geçirmekde sebitdäki daşary ýurt gatyşmalaryna garşy göreşmegiň iň täsirli usuly hasaplaýar.