Siriýanyň geljegi barada Riýadda sebitleýin we halkara ýygnag geçirýär
(last modified Sun, 12 Jan 2025 11:23:23 GMT )
Jan 12, 2025 16:23 Asia/Ashgabat
  • Siriýanyň geljegi barada Riýadda sebitleýin we halkara ýygnag geçirýär

Saud Arabystanynyň paýtagty Riýad Siriýanyň geljegi barada ilkinji halkara ýygnagyny geçirýär.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, Siriýanyň täze hökümdarlary tarapyndan bellenen Daşary işler ministri "Assad Al-Şibani" şu gün geçiriljek Siriýa barada giňişleýin ministrlik ýygnagyna gatnaşmak üçin şenbe güni Saud Arabystanynyň paýtagty Riýada geldi.

Bu, 2024-nji ýylyň 8-nji dekabrynda Başar al-Assadyň döwleti ýykylansoň, Siriýanyň täze hökümdarlaryndan bir wekiliň gatnaşýan ilkinji sebitleýin we halkara ýygnagydyr.

"Al-Shark Al-Awsat" gazetiniň habaryna görä, Al-Şibani bilen birlikde BMG-nyň Baş sekretarynyň Siriýa boýunça ýörite wekili Geir Pedersen weÝewropa Bileleşiginiň daşary syýasat işgäri Kaýa Kallas hem Riýad ýygnagyna gatnaşar.

ABŞ-nyň Daşary işler ministrligi hem öz beýanynda bu ýurduň Daşary işler ministriniň syýasy orunbasary Jon Basyň Riýadyň köptaraplaýyn ýygnagyna gatnaşjakdygyny mälim etdi.

Riýad ýygnagyna Arap Bileleşiginiň we Ýewropa Bileleşiginiň wekilleriniň hem gatnaşmagyna garaşylýar.