Sep 30, 2018 21:14 Asia/Ashgabat
  • Walid Muallem: Eýranyň harby maslahatçylarynyň Siriýada bolmagy kanunydyr

Siriýanyň daşary işler ministri Walid Muallem Amerikanyň bikanun şeklinde Siriýa girenligine garamazdan Eýranyň harby maslahatçylarynyň Siriýada huzurly bolmagy kanunydyr diýdi.

Walid Muallem Rssiýa Alýowm tele kanaly bilen geçiren söhbetdeşliginde Eýranyň harby maslahatçylary damask döwletiniň islegi esasynda Siriýada huzurlydyrlar emma Amerikanyň harbylary rugsatsyz Siriýa girendirler diýip yglan etdi.

Siriýanyň daşary işler ministri Walid Muallem sözüniň dowamynda damask-Tehraniň gatnaşyklarynyň üstünde söwda edip bolmaz sebäbi bu aragatnaşyk iki garaşsyz ýurdyň milli häkimiýetiniň tutan tutumy esasyndadyr we bu iki ýurt özleriniň garaşsyzlykda tutan tutumyndan arka çykýandyrlar diýip beýan etdi.

Amerikanyň Siriýa girmegi basybalyjylyk manysyndadyr we Siriýadan çykmalydyr diýip Siriýanyň daşary işler ministri Walid Muallem sözüne goşdy.

Tags