Siriýa garşy howa hüjümler sebitiň howpsuzlygynyň zyýanynadyr
https://parstoday.ir/tk/news/west_asia-i4610-siriýa_garşy_howa_hüjümler_sebitiň_howpsuzlygynyň_zyýanynadyr
Birleşen Milletler Guramasynyň baş sekretarynyň metbugat wekili Sionist režiminiň Siriýa garşy amala aşyrýan howa we raketa hüjümleri sebitiň durnuklylygynyň zyýanynadyr diýip beýan etdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Jan 22, 2019 19:11 Asia/Ashgabat
  • Siriýa garşy howa hüjümler sebitiň howpsuzlygynyň zyýanynadyr

Birleşen Milletler Guramasynyň baş sekretarynyň metbugat wekili Sionist režiminiň Siriýa garşy amala aşyrýan howa we raketa hüjümleri sebitiň durnuklylygynyň zyýanynadyr diýip beýan etdi.

Steffan Dojarik Sionist režiminiň Siriýa garşy ýola berýän hüjümleri barada Irna habarlar gullugynyň ara atan soragynyň jogabynda bu hüjümleri sebitiň ziýanyna hasaplamak bilen iki tarapyň arasynda uzak wagtdan bäri ýöredilip gelýän atyşygy bes edişi howpa saljakdygyny aýtdy.

ol şeýle-de sebitdäki dawalary azaltmak ugurda Siriýaly resmiler we Ysraýylly harby bilen arabaglanşykdadygyny habar berdi.

Sionist režiminiň harby uçarlary düýn ýene bir gezek Siriýanyň paýtagty Damaska hüjüm edendiler.

Sionist režimi halkara kanunlaryň tersine diňe 2019-nji ýylyň Ýanwarynda 3 gezek Siriýanyň topragyna hüjüm edendir.

şol bir wagtda Siriýanyň daşary işler ministrligi Birleşen Milletler Guramasynyň baş sekretaryna we howpsuzlyk geňeşiniň başlygyna aýry aýry iberen hatlarynda bu hüjümleri ýazgarmak bilen bir wagtda Amerika döwletiniň yzygiderli Sionist režimini goldamagyny Siriýada bu režimiň howply syýasatlarynyň dowam etmeginiň sebäbi bildi.