Hasan Nasrullah:çydam kuwwatlylyk taýdan iň gowy ýagdaýda ýerleşendir
(last modified Fri, 19 Jul 2019 12:10:28 GMT )
Jul 19, 2019 17:10 Asia/Ashgabat
  • Hasan Nasrullah:çydam kuwwatlylyk taýdan iň gowy ýagdaýda ýerleşendir

Liwan Hizbollasynyň baş sekretary Seýed Hasan Nasrullah çydam toplumy kuwwatlylyk taýdan gowy ýagdaýda ýerleşendir diýmek bilen Amerika we Sionist režimiň Aziýanyň günbatarynda yzarlaýan syýasatlary şowsuzlyga uçrar diýip ynam bildirdi.

Seýed Hasan Nasrullah Eýranyň mejlis başlygynyň halkara işler boýunça ýörite kömekçisi Hoseýin Amir Abdullahiýanyň duşuşygynda sebitiň durnuklylygyna we parahatçylygyna ýardam bermekde Eýran döwletiniň,milletiniň we mertebesi belent ýolbaşçysynyň ýetiren hemaýatlaryndan gadyrdanlyk etmek bilen yslam ynkylabynyň mertebesi belent ýolbaşçysynyň nygtaýyşlaryça Amerika Eýrana garşy harby hereketiň yzgelimlerini çekip çydap bilmez diýip nygtady.

Ak-Tam Eýrana garşy uruşyň bütin sebite ornajakdygyny we uruşy soňlatmagyň hem Amerika bilen bolmajakdygyny gowy bilýändir diýip Seýed Hasan Nasroullah aýtdy.

Eýranyň mejlis başlygynyň halkara işler boýunça ýörite kömekçisi Hoseýin Amir Abdullahiýan hem bu duşuşykda 33 günlük uruşda Liwanyň Sionist režimine ýeňiş gazanmagynyň ýyllygyny gutlamak bilen sebitleýin we halkara özgerişler barada gürrüň etdiler.