Musawi:Amerikanyň Siriýada alyp barýan işleri bu ýurda zyýanlydyr
https://parstoday.ir/tk/news/west_asia-i5783-musawi_amerikanyň_siriýada_alyp_barýan_işleri_bu_ýurda_zyýanlydyr
Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Siriýanyň demirgazygynda aman sebiti döretmek barada Amerikaly resmileriň ýeten soňky ylalaşygyny howatyrlandyryjy bildi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Aug 18, 2019 15:40 Asia/Ashgabat
  • Musawi:Amerikanyň Siriýada alyp barýan işleri bu ýurda zyýanlydyr

Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Siriýanyň demirgazygynda aman sebiti döretmek barada Amerikaly resmileriň ýeten soňky ylalaşygyny howatyrlandyryjy bildi.

Amerikaly resmileriň bu hilli işleri Siriýanyň içeri işlerine goşulmakdan aýry sebitiň howpsuzlygyna hem ýaramaz täsirleri galdyrjakdyr diýip Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Seýed Abbas Musawi aýtdy.

Amerikanyň Siriýanyň demirgazyk gündogarynda ýola berýän işleri halkara kanunlara şol sanda BMG-nyň jarnamasyna şeýle-de Siriýanyň häkimiýet hukukyna we toprak bitewuligine ters gelýändir diýip Musawi sözlerine goşdy.

Türkiýe bilen Amerika täzelikde Siriýanyň demirgazygynda aman sebiti döretmek bilen baglanşykda Türkiýede ortak operasiýalar merkezi gurmak barada bir ylalaşyga gol çekdiler.