Amerika Siriýanyň demirgazygynda täze bir harby bazany gurdy
https://parstoday.ir/tk/news/west_asia-i5846-amerika_siriýanyň_demirgazygynda_täze_bir_harby_bazany_gurdy
Amerika Siriýada Waşingtonyň hemaýatlaryndan paýly bolan Kürt güýçlerine hemaýat bermek maksady bilen Siriýanyň Al-Hasake welaýatynda bir harby bazany gurdy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Aug 28, 2019 13:45 Asia/Ashgabat
  • Amerika Siriýanyň demirgazygynda täze bir harby bazany gurdy

Amerika Siriýada Waşingtonyň hemaýatlaryndan paýly bolan Kürt güýçlerine hemaýat bermek maksady bilen Siriýanyň Al-Hasake welaýatynda bir harby bazany gurdy.

Amerikanyň Türkiýäniň serhetleriniň golaýnda ýerleşen Al-Ganemiýe obasynda bu harby bazany gurmakdan maksady Waşingtonyň hemaýatyndan paýly bolan Siriýanyň Kürt demokratik şurasyna degişli militanlara Türkiýäniň ähtimallaýyn hüjüm etmeginiň öňüni almaklyk diýilip yglan bolandyr.

Amerikanyň hemaýatyndan paýly bolan Siriýanyň Kürt demokratik şurasyna degişli militanlar Siriýanyň demirgazygynyň we gündogarynyň uly bölümlerine musallatdyrlar.

Amerika bilen Türkiýe döwletleri mundan ozal Kürt militanlary Türkiýäniň serhetlerinde daşda saklamak ugurda we Siriýanyň demirgazygynda bir aman sebiti döretmek barada ylalaşypdylar.

Siriýa döwleti bu ylalaşygy ýazgaryp ony Siriýanyň häkimiýetiniň we toprak bitewiliginiň tersine bildi.