Zarif:Eýran Siriýanyň BMG-sy bilen saklaýan arkalaşyklaryna hemaýat berýändir
Eýranyň daşary işler ministri Tehran Siriýanyň dartgynlylygyna syýasy ýollardan çäre görülmegine hemaýat berýändir diýmek bilen Eýran Damaskyň bu barada Birleşen Milletler Guramasy bilen saklaýan arkalaşyklaryna ýardam edýändir diýip yglan etdi.
Eýranyň daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif şu gün Tehranda Birleşen Milletler Guramasynyň Siriýa işleri boýunça ýörite wekili Geir Pederseniň duşuşygynda Siriýanyň dartgynlylygyna syýasy ýollardan çäre görmek ugurda Eýranyň edýän tagallalaryna yşarat edip Amerikanyň berýän basyşlary Siriýanyň esasy kanunynyň komitetiniň işe girişmegine böwet bolandyr diýip beýan etdi.
bu duşuşykda Geir Pedersen hem Siriýanyň dartgynlylygy barada özüniň geçiren söhbetdeşliklerinden hasabat berip bu ugurda edilýän tagallalary açyklap berdi.
taraplar şeýle-de Siriýanyň esasy kanunynyň komitetiniň ýola goýulyp işe başlamagy barada hem gürrüň etdiler.