Oct 03, 2019 23:07 Asia/Ashgabat
  • Siriýa terrorizme garşy göreşde Eýranyň hemaýatlaryndan gadyrdanlyk etdi

Siriýanyň daşary işler ministri Walid Al-Muallem kä arap ýurtlary Siriýanyň arkasyndan hanjar urýan zamanynda Eýran Siriýa ilatynyň we döwletiniň arkasynda durmak bilen terrorçy toparlaryň garşysynda Siriýa döwletine hemaýat berendir diýip yglan etdi.

Al-Maýadin tele kanalynyň beren habaryna görä,Siriýanyň daşary işler ministri Walid Al-Muallem Siriýanyň döwleti terrorizme garşy göreşde Eýrandan kömek sorandyr we Eýranyň harby bilermenleri  bu göreşiň gidişinde möhüm roly oýnandyrlar diýip sözlerine goşdy.

Walid Al-Muallem şeýle-de üstümizdäki aýyň soňlarynda Siriýanyň esasy kanun komitetiniň ilkinji maslahatynyň ähtimallaýyn geçirilmegine yşarat edip bu komitetiniň ähli agzalary terrorçylary goldaýan keseki ýurtlaryň bähbitlerini dälde eýsem Siriýanyň bähbitlerini göz öňüne almalydyrlar diýip yglan etdi.

Siriýanyň daşary işler ministri sözüniň dowamynda Amerikaly we Fransiýaly harbylaryň Siriýadan çykmalydyklaryny nygtap egerde Amerikaly we Fransiýaly harbylar Siriýadan çykmasalar olary bu ýurtdan çykmaklyga mejbur edýän kanuny çykalgalar bardyr diýip beýan etdi.

Tags