Başar Assad:Siriýa Türkiýäniň ýaranlarynyň hüjümleriniň jogabyny berer
(last modified Thu, 17 Oct 2019 16:34:31 GMT )
Oct 17, 2019 21:34 Asia/Ashgabat
  • Başar Assad:Siriýa Türkiýäniň ýaranlarynyň hüjümleriniň jogabyny berer

Siriýanyň prezidenti Başar Assad şu gün Yragyň milli howpsuzlyk geňeşdary Faleh Al-Faýýazyň duşuşygynda Siriýa şu mahala çenli Türkiýäniň ýaranlarynyň ýola beren el-gatyjylyklaryna ençeme gezek jogap gaýtarandyr diýmek bilen Siriýa döwleti bu el-gatyjylyklara berk jogap bermekde elde baryny gaýgyrmaz diýip yglan etdi.

Başar Assad bu duşuşykda Aziýanyň günbatarynda daşary ýurtlaryň el-gatyjylyk işleri mydama bolandyr we bu günki gün Türkiýäniň Siriýanyň topragyna el gatmagy hem onuň mysalydyr diýip beýan etdi.

Yragyň premýer ministri Adel Abdolmehdiň hatyny Başar Assade gowşurmak üçin Siriýa baran Yragyň milli howpsuzlyk geňeşçysy Faleh Al-Faýýaz hem öz ýurdunyň bütin ugurlarda Damask bilen arkalaşyk saklaýandygyny ýatladyp Yrak bilen Siriýa milletleriniň bähbitleri we howpsuzlygy ugurynda iki taraplaýyn arkalaşyklaryň ähmiýetini nygtady.

Türkiýe döwleti 9-nji Oktýabrda terrorizme garşy göreşmek we Siriýanyň demirgazygyndaky Kürt militanlary ýok etmek bahanalary bilen Siriýanyň demirgazygyna hüjüm edip başlady.Siriýa bolsa bu işi el-gatmaklyk hasaplap bu iş bilen garşylaşjakdygyny yglan etdi.

Tags