Eýran Siriýanyň toprak bitewiligine hemaýat berýändir
Eýranyň mejlis başlygy Ali Larijani şu gün Tehranda Siriýanyň ilçisi Adnan Mahmudyň duşuşygynda Eýranyň Siriýanyň howpsuzlygyndan we toprak bitewiliginden arka çykýandygyny yglan etdi.
Eýran hemişe Siriýanyň toprak bitewiliginden arka çykandyr we beýleki ýurtlar bilen saklaýan gepleşiklerinde hem bu meselä hemaýat berýändir diýip Ali Larijani aýtdy.
Siriýanyň Tehrandaky ilçisi Adnan Mahmut hem bu duşuşykda Türkiýe goşunynyň Siriýanyň demirgazyk topragyna girmegine yşarat edip Siriýanyň demirgazygynda Türkiýe goşunynyň el-gatyjylygy dowam edip durandyr diýip yglan etdi.
Amerikanyň Siriýadaky taslamasy şowsuzlyga uçramagy bilen indi Türkiýe döwletiniň hem Siriýanyň demirgazygynda howpsuz sebiti döretmek ugurda edýän tagallalaryny ňöňüne geçilmelidir diýip Adnan Mahmut aýtdy.
ol şeýle-de Siriýany goldamagy babatly Eýrana minnetdarlygyny bildirdi.