Palestinanyň daşary işler ministrligi:halkara köpçüligi öz borçlarynda tapylsyn
(last modified Wed, 04 Dec 2019 14:23:09 GMT )
Dec 04, 2019 19:23 Asia/Ashgabat
  • Palestinanyň daşary işler ministrligi:halkara köpçüligi öz borçlarynda tapylsyn

Palestinanyň daşary işler ministrligi halkara köpçüliginden Sionist režimiň sütemi astynda ýaşaýan Palestinalylar hakynda öz borclarynda tapylmagyny isledi.

Palestinanyň daşary işler ministrligi Iordaniýa derýasynyň günbatar kenarynda ýerleşen Iordaniýa deresini Ysraýyla birikdirmek ugurda Sionist basyp alyjylaryň naňşalarynyň öňüni almakda Birleşen Milletler Guramanyň howpsuzlyk geňeşiniň öz borçlarynda tapylmagyny isledi.

Sionist režiminiň jogapkärleriniň Palestinalylaryň hakynda ýola berýän jenaýatlary üçin hem-de halkara kanunlary bozmaklary üçin jezalandyrylmazlyklary olaryň hetden aşyp Palestinalylar hakynda öz jenaýatlaryny dowam etmeklerine sebäp bolandyr diýip Palestinanyň daşary işler ministrligi nygtady.

Palestinanyň daşary işler ministrligi şeýle-de Sionistler özleriniň el-gatyjylykly işleri bilen Kudusyň paýtagtlygyndan garaşsyz Palestina ýurdunyň gurulmagynyň öňüni almagyň yzyndadyr diýip yglan etdi.