Gutereeş Siriýa iberilýän ynsan perwer kömekleriň dowam etmegini isledi
https://parstoday.ir/tk/news/west_asia-i6564-gutereeş_siriýa_iberilýän_ynsan_perwer_kömekleriň_dowam_etmegini_isledi
Birleşen Milletler Guramanyň baş sekretary Antonio Guterreş gury ýer arkaly Siriýa iberilýän ynsanperwer kömekleriň dowam etmegini isledi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Dec 17, 2019 09:43 Asia/Ashgabat
  • Gutereeş Siriýa iberilýän ynsan perwer kömekleriň dowam etmegini isledi

Birleşen Milletler Guramanyň baş sekretary Antonio Guterreş gury ýer arkaly Siriýa iberilýän ynsanperwer kömekleriň dowam etmegini isledi.

Birleşen Milletler Guramanyň baş sekretary Antonio Guterreş bu guramanyň Howpsuzlyk geňeşine beren hasabatynda Siriýa iberilýän ynsanperwer kömekleri dowam etmek üçin gury ýer serhetlerinden gowy çäre ýokdyr diýip yglan etdi.

durmuşda Birleşen Milletler Guramanyň Howpsuzlyk Geňeşiniň agzalary gury ýer arkaly Siriýa iberilýän ynsanperwer kömekleriň möhletini uzaklaşdyrmak üçin geňeşip durandyrlar bu möhlet 2020-nji ýylyň başynda gutarýar.

durmuşda Siriýa ynsanperwer kömekleri ibermek üçin 4 geçelge göz öňüne alynandyr ikisi Türkiýäniň serhedinde,birisi Iordaniýanyň serhedinde we ýene birisi Yragyň serhedinde ýerleşendirler.

 Birleşen Milletler Guramanyň ynsanperwer işleri boýunça bölümi Siriýada gumanitar ýagdaýyň ýowuzlygyna we 11 million adamyň kömege mätäçdigine üns bermek bilen bu geçelgeleriň sanynyň artmagyny isleýändir.

2011-nji ýylda Amerika we ýaranlary tarapyndan goldanýan terrorçy toparlaryň giňden ýola beren hüjümleri bilen başlanan Siriýanyň dartgynlylygy bu ýurduň 24 million ilatynyň takmynan ýarysynyň awara bolmaklaryna sebäp bolandyr.