Amerikanyň ýene bir harby kerweni Siriýanyň nebite baý bolan sebitine girdi
https://parstoday.ir/tk/news/west_asia-i6599-amerikanyň_ýene_bir_harby_kerweni_siriýanyň_nebite_baý_bolan_sebitine_girdi
Amerikanyň ýene bir harby kerweni Siriýanyň nebite baý bolan sebitlerindäki Amerikaly harbylaryň pozisiýalaryny berkitmek maksady bilen Siriýanyň Hasaka welaýatyna girdi.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Dec 22, 2019 19:38 Asia/Ashgabat
  • Amerikanyň ýene bir harby kerweni Siriýanyň nebite baý bolan sebitine girdi

Amerikanyň ýene bir harby kerweni Siriýanyň nebite baý bolan sebitlerindäki Amerikaly harbylaryň pozisiýalaryny berkitmek maksady bilen Siriýanyň Hasaka welaýatyna girdi.

harby enjamlardan we harby maşynlardan ybarat bolan bu kerwen bikanun suratda Siriýanyň Hasaka welaýatynyň demirgazyk gündogarynda ýerleşen Gamyşly şäherine girdi.

Siriýanyň media serişdeleriniň yglan etmeklerine görä,bu kerwen geçen näçe aýlykda Amerikanyň Hasaka welaýatyna ýollan kerweniniň iň ulysy hasaplanýandyr.

Siriýa döwleti Amerikanyň Siriýadaky bikanun huzuryna soň berilmegini halkara guramalarda nygtap durandyr.

Siriýanyň Birleşen Milletler Guramasyndaky wekili Başar Al-Jafary baýak howpsuzlyk geňeşinde beren gürrüňlerinde Amerika Siriýanyň nebit guýlaryny basyp alyp howpsuzlyk geňeşiniň biparh oturmagynyň saýasynda Siriýa milletiniň baýlyklaryny talaýandyr diýdi.