Siriýanyň Idlib welaýatynda Türk harbylaryň onlarçasy heläk ýada ýaraly boldy
sebitiň media serişdeleri Siriýanyň demirgazygynda ýerleşen Idlib welaýatynda Siriýanyň ýola beren howa hüjümlerinde Türk harbylaryň azyndan 33-siniň heläk we onlarçasynyň hem ýaraly bolandyklaryny habar berdiler.
şol bir wagtda Türkiýäniň prezidentiniň metbugat gullugynyň başlygy Fahreddin Altun Siriýanyň bu hüjüminiň jogapsyz galmajakdygyny aýtdy.
Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Ardugan hem şu gün Siriýanyň Idlib welaýatynyň ýagdaýy barada adatdan daşary howpsuzlyk maslahatyny geçirdi.Türkiýäniň goranmak ministri Hulusy Akar hem Idlib welaýatynyň ýagdaýyny ýakyndan barlamak maksady bilen Siriýanyň serhediniň golaýynda ýerleşen Türkiýäniň serkerdelik karargäsine bardy.
Siriýanyň goranmak ministri şeýle-de Siriýa goşunynyň Türk harbylaryna garşy ýola beren hüjüminiň jogabyňda bu ýurduň goşunynyň Siriýanyň demirgazygynda bu ýurduň goşunynyň bolýan mekanlaryny hüjüm astyna alandygyny habar berdi.
Türkiýäniň ýola beren bu hüjümlerinde Siriýanyň 5 aýlanganaty,bir näçe tanky we howa hüjümlere garşy iki goranyş saýty ýok edildi we 309 harby hem öldi diýip Türkiýäniň goranmak ministri toslady.
Amerikanyň daşary işler ministrligi hem Siriýanyň Idlib welaýatynda Türk harbylara edilen hüjümden howatyrlanma bildirip NATO-daky ýarany höküminde bu meselede Türkiýäniň ýanynda boljakdygyny habar berdi.
şol bir wagtda Orsýet Siriýanyň Idlib welaýatynda Türkiýäniň terrorçy toparlardan arka çykmagyny ýazgardy.Türkiýe goşuny Idlibde terrorçy toparlardan arka çykmakda uçarmansyz uçarlardan peýdalanýarlar Türkiýäniň bu işi kabul ederlik däldir diýip Orsýetiň goranmak ministri aýtdy.