Amir Abdollahiýan:Amerikanyň bolmagy bilen Siriýada parahatçylyk bolmaz.
-
Amir Abdollahiýan:Amerikanyň bolmagy bilen Siriýada parahatçylyk bolmaz.
Eýranyň mejlis başlygynyň halkara işleri boýunça ýörite maslahatçysy Huseýin Amir Abdollahiýan Amerikaly harbylaryň huzurly bolmaklary bilen Siriýada hiç haçan parahatçylyk berkarar bolmaz diýip nygtady.
Amerikanyň harby güýçleriniň Siriýada ýerleşdirilmegi we bu ýurdyň ilatyna garşy hüjüme geçmekleri halkara kanunlaryna we hukukyna garşydyr we ekstremizmiň gerim almagyna mümkinçilik döretýändir diýip Huseýin Amir Abdollahiýan aýtdy.
Orsýetiň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Mariýa Zaharowa hem düýn beren gürrüňlerinde Siriýada Amerikaly harbylaryň huzurly bolmaklaryny bikanun hasaplap bu güýçleriň herne basymrak Siriýadan çykmaklaryny isledi.
Pentagonyň metbugat wekili Erik Pahon geçen sişenbe güni eden çykyşynda Waşington döwleti gerek wagtyna çenli öz harbylaryny Siriýada saklajakdyr diýip yglan etdi.
durmuşda takmynan 2 müň Amerikaly harby Siriýada ýerleşendir.