Bilelikdäki erkin zolaklary döretmek boýunça Eýran-Siriýa geňeşmesi
Eýranyň Erkin söwda, senagat we ýörite ykdysady zolaklaryň ýokary geňeşiniň sekretary we Siriýanyň Tehrandaky ilçisi bilelikdäki senagat we söwda zolaklaryny döretmek maksady bilen erkin zolaklara maýa goýumlaryny artdyrmak barada pikir alyşdylar.
IRNA-nyň habaryna görä, Siriýanyň Tährandaky ilçisi Adnan Mahmud Eýran bilen Siriýanyň arasynda gol çekilen ykdysady şertnamalaryň ýerine ýetirilişini ara alyp maslahatlaşmak üçin Eýranyň Erkin söwda zolaklarynyň ýokary geňeşiniň sekretary Morteza Bank bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda Morteza Bank Tähranyň we Eýranyň hususy kompaniýalarynyň Siriýa bilen erkin zolaklarda hyzmatdaşlyga we bu ugurda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin bar bolan mümkinçiliklerden peýdalanmaga taýýardygyny aýtdy.
Adnan Mahmud, şeýle hem erkin sebitlerde döredilen maýa goýum mümkinçiliklerinden peýdalanmak üçin iki ýurduň hususy pudagyny we senagat we söwda kompaniýalaryny işjeňleşdirmegiň möhümdigini aýtdy. ol şeýle-de Bu meselede ykdysady gatnaşmak iki ýurduň bähbidine we bu Eýranyň ykdysady kuwwatyny güýçlendirip biler diýip sözüne goşdy.