Amerikanyň Siriýa garşy sanksiýalary durmuşa geçirildi
(last modified Wed, 17 Jun 2020 16:32:38 GMT )
Jun 17, 2020 21:32 Asia/Ashgabat
  • Amerikanyň Siriýa garşy sanksiýalary durmuşa geçirildi

Amerikanyň döwletiniň Siriýa garşy sanksiýalary durmuşa geçirildi.

Al-Jazeera habarlar gullugynyň habaryna görä,ABŞ-nyň hökümet işgärleri "Sezar" diýlip atlandyrylýan Siriýa garşy sanksiýalaryň şu güni güýje girjekdigini aýdýarlar.

Hasabata görä, bu kanunyň durmuşa geçirilmegi Siriýada açlyk krizisiniň ýüze çykmagy baradaky duýduryşlar bilen bilelikde alnyp barylýar.

BMG-nyň Siriýa boýunça ýörite wekili Gere Pederson sişenbe güni Howpsuzlyk Geňeşinde beren gürrüňlerinde 9 million 300 müň siriýalyda azyk howpsuzlygy ýok we iki million adam şeýle krizisiň bosagasyndadyr diýmek bilen eger ýagdaý şeýle dowam etse, ýurt açlyk krizisine duçar bolar diýdi.

Orsýetiň we Hytaýyň Birleşen Milletler Guramasyndaky wekilleri sişenbe güni BMG Howpsuzlyk Geňeşinde ABŞ-nyň Siriýa garşy sanksiýalar kanunyny berk tankytladylar.

2019-njy ýylyň 11-nji dekabrynda Respublikan we Demokratik partiýalaryň arasynda üç ýyl dowam eden düşünişmezlikden soň, ABŞ Kongresi "Sezar" kanuny diýlip atlandyrylýan Siriýa garşy sanksiýalar girizmek meýilnamasyny tassyklady.