Ýemenlileriň Saud Arabystanyň goranmak we aňtaw ministrliklerine garşy hüjümleri
Ýemeniň ýaragly güýçleriniň metbugat wekili Ýaahýa Sari Saud Arabystanyna edilen hüjümiň jikme-jikliklerini açyklady.
FARS habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Ýemeniň ýaragly Güýçleriniň metbugat wekili generaly yaahýa Sari sişenbe güni eden çykyşynda Ýemeniň ýaragly güýçleriniň şu gün irden Saud Arabystanynyň paýtagtyna garşy dördünji öňüni alyş deňagramlylygy atly iň uly hüjüm operasiýasyny başlandygyny aýtdy.
Ýaahýa Sari bu operasiýada Ýemen güýçleriniň Arabystanyň Goranmak ministrligini, aňtaw ministrligini we Salman howa bazasyny we Riýad, Jizan we Najran sebitindäki käbir harby pozisiýalary ýok edendigini aýtdy.
Ýemeniň ýaragly güýçleriniň metbugat wekili bu operasiýanyň köp sanly "Kuds" we "Zulfikar" ballistik we kruiz raketalary, şeýle hem uçarmansyz uçarlary bilen amala aşyrylandygyny aýtdy.
Yaahýa Sari dördünji öňüni alyş balans operasiýasynyň Ýemen halkyna garşy gazaply we agressiw gabawyň garşysyna geçirilendigini aýtmak bilen Ýemen güýçleriniň gabaw ýatyrylýança, agressiýa bes edilýänçä, azatlyk we garaşsyzlyk gazanylýança has güýçli operasiýa etjekdigini aýtdy.