Kataryň emiri garaşsyz Palestina döwletiniň döredilmegini nygtady
Kataryň emiri, sebitde adalatly parahatçylygyň döredilmegini Sionist režimiň Palestina meselesini çözmek borjuna şertlendirdi we garaşsyz Palestina döwletini gurmagyň zerurdygyny aýtdy.
IRNA habarlar gullugynyö beren habaryna görä, Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani Sişenbe güni BMG Baş Assambleýasynda eden çykyşynda halkara jemgyýetçiligini we Howpsuzlyk Geňeşini Ysraýylyň Gaza zolagynyň gabawyny ýatyrmak baradaky jogapkärçiligini ýerine ýetirmäge çagyrdy.
Kataryň emiri sözüni dowamynda Doha Gazanyň halkyna gyssagly we uzak möhletleýin goldaw bermek üçin halkara hyzmatdaşlary bilen işleşmegi dowam etdirjekdir diýdi.
Kataryň emiri, Palestina meselesiniň adalatly çözülmezligi we Sionist režim tarapyndan şäher gurluşygynyň dowam etdirilmegi halkara jemgyýetçiliginiň we guramalarynyň ygtybarlylygy baradaky iň uly sorag belgisi diýip atlandyrdy.