Ysmaýyl Haniýe: Sionist režimi bilen ylalaşyjylara taryh rehim etmez
(last modified Tue, 13 Oct 2020 12:36:55 GMT )
Oct 13, 2020 17:36 Asia/Ashgabat
  • Ysmaýyl Haniýe: Sionist režimi bilen ylalaşyjylara taryh rehim etmez

Palestinanyň Yslam çydam Hereketiniň (Hamas) syýasy gullugynyň başlygy, Sionist režim bilen gatnaşyklaryň kadalaşmagy sebäpli arap ýurtlaryna taryhyň hiç haçan rehim etmejekdigini we halklaryň muny ýatdan çykarmajakdygyny aýtdy.

Sişenbe güni Fars habar gullugynyň habaryna görä Hamasyň syýasy býurosynyň başlygy "Ysmaýyl Haniýe" BAE we Bahreýn hökümdarlaryna Ysraýyl bilen baglaşylan şertnamada ýeňilendiklerini duýdurdy we Ysraýylyň esasy maksadynyň Eýranyň golaýynda harby we ykdysady bazalary edinmekdigini aýtdy.

"Ysmaýyl Haniýe", Hamas hereketiniň sionist režimiň Gazadaky islendik täze hüjümine we çozuşyna garşy durmaga taýýardygyny belläp, geljekde islendik söweşiň duşman üçin gaty agyr netijelere we çykdajylara sebäp boljakdygyny aýtdy.

Haniýe, şeýle hem Hamasyň Fatah hereketi bilen milli barlyşyk meselesi boýunça geçiren soňky gepleşiklerine ýokary baha berdi we iki hereketiň hem bilelikdäki sanaw döretmek arkaly Palestina saýlawlaryna girmegi göz öňünde tutýandygyny aýtdy.