Nasrollah: ABŞ-da geçirilen saýlaw demokratiýa üçin uly biabyraýçylykdyr
ABŞ-da geçirilen saýlawda bolup geçen zat, bu ýurduň demokratiýasy üçin masgaraçylyk diýip, Liwandaky Hizbullanyň baş sekretary Seýed Hasan Nasrollah çarşenbe güni agşam "Şehitler güni" mynasybetli aýtdy.
Saýed Hasan Nasrollah, ABŞ-da geçirilen saýlawlaryň netijeleriniň sebiti üýtgetmejekdigini aýtmak bilen Amerikalylaryň ýeke-täk hemişelik we mutlak ileri tutýan zadynyň "Ysraýyly" goramak we harby artykmaçlygyny saklamakdygyny aýtdy.
Ol şeýle-de Trump döwletiniň iň ulumsy, jenaýatçy we rehimsiz dolandyryşdygyny aýdyp, "Trump döwleti artykmaçlygy, adam öldürmekde, korrupsiýada, ulumsylykda we jenaýatda Amerikanyň hakyky ýüzüni dünýä halkyna görkezdi diýdi.
Hizbullahyň baş sekretary, Trumpyň dürli meseleler, esasanam Palestina meselesi boýunça alyp barýan syýasatynyň şowsuz bolandygyny aýdyp Trumpyň gitmegi bilen, Netanýahu we bin Salmandan ybarat asyr şertnamasynyň üç tarapynyň biri agdaryldy -diýdi.
Liwanyň Hizbullah hereketiniň baş sekretary Trump ýaly biriniň wezipesinden galanja mahalynda ähli mümkinçiliginiň bardygyny aýtmak bilen çydam okynyň ABŞ ýa-da Ysraýyl tarapyndan edilen islendik akmaklyga jogap bermäge taýyn bolmalydygyny aýtdy.
Nasrollah sözüniň dowamynda, Hizbulla hereketine garşy sanksiýalary girizmekden maksadyň dartgynlygy güýçlendirmek, çydamy öjükdirmek, maglumat ýygnamak we hakyna tutma işgärleri ulanmakdygyny beýan etmek bilen Liwanyň içindäki käbir adamlar Amerikalylary Jobran Basili şahsy we syýasy hasaplaşyklar üçin boýkot etmäge öjükdirdiler diýdi.