Siriýanyň daşary işler ministri aradan çykdy
Habar beriş serişdeleri Siriýanyň premýer-ministriniň orunbasary we Daşary işler ministri Walid al-Muallemiň ölendigini habar berdiler.
Siriýanyň resmi habar gullugy duşenbe güni irden Siriýanyň Daşary işler ministrligine salgylanyp, Walid al-Muallemiň aradan çykanlygyny habar berdi.
Walid al-Muallem 2006-njy ýyldan bäri Siriýanyň daşary işler ministri bolup işleýär.
79 ýaşly mugallem 10 ýyllap hem öz ýurdunyň ABŞ-daky ilçisi bolup işledi.
şol bir wagtda Eýranyň Daşary işler ministri Siriýanyň Ministrler Geňeşiniň başlygyna iberen ýüzlenmesinde Siriýanyň Daşary işler ministri Walid al-Muallemiň aradan çykmagyna gynanç bildirdi.
Duşenbe güni Eýranyň Daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif Siriýanyň Ministrler Geňeşiniň başlygy Huseýin Arnusa hat ýazyp, Siriýanyň Daşary işler ministri Walid al-Moallemiň ölümine gynanç bildirmek bilen Walid al-Muallem ömrüniň dowamynda Siriýanyň milli bähbitlerine we howpsuzlygyna hyzmat etmekde we ony goramakda möhüm roly oýnandygyny aýtdy.
Zarif, Siriýanyň merhum Daşary işler ministrine uly derejeler we rehimdarlyk, şeýle hem halkyň we bu ýurduň hökümetiniň üstünlikleri we abadançylygy üçin Gudratygüýçli Alladan dileg etdi.