Özbegistanyň raýatlarynyň durmuş asudalygyny ýokarlandyrmak döwletiň asly borjydyr
(last modified Mon, 01 Jan 2018 17:26:19 GMT )
Jan 01, 2018 22:26 Asia/Ashgabat
  • Özbegistanyň raýatlarynyň durmuş asudalygyny ýokarlandyrmak döwletiň asly borjydyr

Özbegistanyň prezidenti täze miladi senesini bu ýurdyň ilatyna gutlap 2018-nji ýylyň Özbegistanyň ösüşinde belli bir sepgit boljakdygyny aýtdy.

Özbegistanyň döwlet baş tutany Şawkat Mirziýaýew geljek ýylda döwletiň asly borjy ilatyň durmuş asudalygyny ýokarlandyrmak we bu ýurtda parahatçylyk we durnuklylyk atmosferasyny berkitmekdir diýip nygtady.

Fars habarlar gullugynyň beren habaryna görä,Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýaýew täze miladi ýyly mynasybetli beren sargydynda 2017-nji ýyldaky kynçylyklara garamazdan ilatyň tagallasy bilen halkara derejesinde gowy üstünlikleri el gerendiris diýip nygtady.

2017-nji ýyl Özbegistanyň daşary syýasatynda aýratynda goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklaryny ösdürmekde netijeli we oňaýly ýyl bolandyr diýip Şawkat Mirziýaýew sözüne goşdy.

Tags