Hytaý Amerikanyň Eýrana garşy girizen sanksiýalaryny ýatyrmagyň zerurdygyny nygtaýar
Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ýadro şertnamasyna gaýdyp gelmeginiň we Eýrana garşy girizen sanksiýalarynyň ýatyrylmagynyň zerurdygyny aýtdy.
Fars habar gullugynyň habaryna görä Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Hua Çanying Eýranyň ýadro programmasy meselesiniň möhüm döwürde durýandygyny aýtdy. Ol şeýle-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ýadro şertnamasyna gaýdyp gelmegi we sanksiýalary gysga wagtda ýatyrmagy möhümdir şol bir wagtyň özünde, ýadro ylalaşygyň iki tarapyny hem esasy ugra gaýtarmak üçin Eýran ýene-de borçnamasyny dowam etdirmelidir.
Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary, ýadro şertnamasyna gatnaşýan ähli taraplaryň şertnamany dikeltmek üçin ilkinji ädimler barada ylalaşmak üçin has gyssagly işlejekdigine umyt bildirdi.
ABŞ-nyň öňki prezidenti Donald Trump 2018-nji ýylyň 8-nji maýynda sişenbe güni öz ýurduny halkara şertnamasyndan birtaraplaýyn yza çekdi we Waşingtonyň ýadro şertnamasy boýunça borçnamalaryny bozup, Eýrana garşy ýadro sanksiýalarynyň yzyna gaýtaryljakdygyny habar berdi.
Trumpyň bu çäresi içerki we halkara derejesinde ýazgaryldy.