Owganystan bilen Täjigistanyň arasynda bäş hyzmatdaşlyk resminamasyna gol çekildi
Iki prezidentiň duşuşygynyň ahyrynda Täjigistan bilen Owganystanyň arasynda bäş hyzmatdaşlyk resminamasyna gol çekildi.
Fars habar gullugynyň habaryna görä, bu bäş hyzmatdaşlyk resminamasynda ykdysady, syýasy, terrorçylyga we neşe gaçakçylygyna garşy göreşmek ýaly meseleler bar.
Owganystanyň prezident gullugy bir beýannama boýunça bu ýurduň prezidenti "Muhammet Aşraf Gani" Täjigistanyň prezidenti "Ymam Ali Rehman" bilen bu ýurduň paýtagty Duşenbe şäherinde duşuşyp, söwda, tranzit, howpsuzlyk, Medeniýet, şeýle hem iki ýurduň arasyndaky energiýa bilen baglanyşykly dürli ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmekligi nygtady.
Aşraf Gani Täjigistanyň owganystanyň parahatçylyk etabyna berýän goldawyny öwdi.
Ymam Ali Rahman hem bu duşuşykda Täjigistanyň Owganystana parahatçylygyň, asudalygyň we durnuklylygyň dolanmagyny isleýändigini nygtap şunuň bilen baglylykda, mümkin bolan kömekden saklanmaz diýip aýtdy.
Täjigistanyň bilen Owganystanyň prezidentleri şeýle hem "Aziýanyň ýüregi - Stambul prosesi" konferensiýasynyň Owganystandaky parahatçylyk we durnuklylyk prosesine we ýurduň ykdysady taýdan dikeldilmegine goşant goşjakdygyna ynam bildirdiler.