Iňlis parlamentiniň Hytaýa garşy aýyplamasy
(last modified Fri, 23 Apr 2021 10:33:42 GMT )
Apr 23, 2021 15:33 Asia/Ashgabat
  • Iňlis parlamentiniň Hytaýa garşy aýyplamasy

Iňlis parlamentiniň wekilleri penşenbe güni Onda Hytaý Halk Respublikasynyň Sin Kýaň welaýatynda musulman azlyklary öldürmekde günäkärleýän hökmany däl kanun taslamany kabul etdiler. .

IRNA-nyň habaryna görä, kanun taslamasy Pekin hökümetini halkara adam hukuklary kanunlaryna laýyklykda jogapkärçiligini ýerine ýetirmäge çagyrýar.Bu taslama hökmany däl bolsa-da, emma Angliýa bilen Hytaýyň arasyndaky dartgynlygy güýçlendirýär.

Günbatar ýurtlary, şol sanda Angliýa, Hytaýy Sin Kýaňda uýgur musulmanlaryna garşy zorluk ulanmakda aýyplaýarlar emma Hytaý hökümeti bu aýyplamalary ret edip, diňe ýurduň howpsuzlygyna garşy hereket edýänleri jezalandyrýandygyny aýtdy.

olar Şeýle hem, Hytaý hökümetini musulmanlar üçin mejbury zähmet lagerleri döretmekde aýypladylar ýöne Hytaý "ideologiki taýýarlyk merkezleriniň" hökümetiň Sin Kýaňda terrorçylyga we ekstremizme garşy alyp barýan işleriniň bir bölegidigini aýdýar we bu lagerlerdäki zorlukly zähmeti inkär edýär.

Iňlis hökümeti geçen aý Sin Kýaň welaýatynda adam hukuklarynyň depelenmegi üçin Pekiniň dört jogapkärine sanksiýa girizdi.

Tags