“Terror Döwleti Ysraýylyň Kimdigini Bütindünýä Bilmeli”
(last modified Sat, 22 May 2021 06:30:14 GMT )
May 22, 2021 11:30 Asia/Ashgabat
  • “Terror Döwleti Ysraýylyň Kimdigini Bütindünýä Bilmeli”

Prezdent Erdogan, Türkiýäniň dünýäde basyşa we zuluma sezewar bolýanlara goldaw bermäge dowam etjekdigini nygtady.

Prezident R. T. Erdogan, Ysraýylyň kimdigini bütindünýä gürrüň berjekdiklerini nygtap “Terror döwleti Ysraýylyň kimdigini bütindünýä bilmeli” diýdi.

Prezident Erdogan, Demirgazyk Marmara ýolunyň Habipler-Hasdal çatrygynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Çykyşynda Ysraýylyň palestinalyalra eden zulumy hakynda durup geçen Prezident Erdogan “Ysraýylyň kimdigini bütindünýä gürrüň bereris. Terror döwleti kimdigini bütindünýä bilmeli” diýdi.

Prezdent Erdogan, Türkiýäniň dünýäde basyşa we zuluma sezewar bolýanlara goldaw bermäge dowam etjekdigini nygtady.

Çykyşynda ýaşlara hem ýüzlenen Erdogan “Türkiýäniň maksatlaryna ýetmegi üçin tagalla etmäge dowam ederis” diýdi.

Türkiýe şeýlede Ysraýylyň Palestinalylara Hüjümini Bes Etmegine Kanagatlanma Bildirdi.

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginden berilen beýannamada halkara jemgyýetçiligine hem çagyryş edilýär.

Türkiýe Ysraýylyň palestinalylara edýän hüjümleriniň bes edilmegi boýunça gazanylan ylalaşyga öz hoşallygyny beýan etdi.

Daşary işler ministrliginden berilen beýannamada: “Ysraýylyň palestinalylara garşy aksiýalary netijesinde ýüze çykan çaknyşyklaryň bes edilmegi boýunça ylalaşyk gazanylmagyna kanagatlanma bildirýär we onuň durnukly bolmagyny tama edýäris” diýilýär.

Beýannamada; “Ysraýylyň eden jenaýatlary sebäpli halkara arenada hasabat bermegi we Gaza goýan elhenç gabawyny bes etmegi gazanylmaly” diýilýär.

Daşary işler ministrliginiň beýannamasynda; “Halkara jemgyýetçiliginiň palestinalylara edilýän zulmuň doly bes edilmegi üçin işe girişmegine garaşýarys” diýilýär.

.