Ysraýylyň Gaza garşy söweşiniň ykdysady zyýanlary
Ysraýylyň Gaza zolagyna garşy söweşi, esasanam Ysraýyl üçin agyr ykdysady ýitgilere sebäp bolaup 12 günden soň tamamlandy.
12 gün dowam eden urşuň zyýanlaryny iki bölekde görmek bolýar: Gaza we Ysraýyl režimine ýetirilen zyýanlary.
Ysraýyl 12 günde Gaza zolagyna garşy 2000 howa hüjümini amala aşyrdy. Gazadaky ýerli jogapkärler hüjümlerde 1477-den gowrak öýüň doly weýran bolandygyny aýdýarlar. Şeýle hem bu partlamalarda 13,000 öýe bölekleýin we ortaça zeper ýetdi. Gazadaky ýerli işgärler Ysraýyl režiminiň ähli infrastrukturany, hyzmat ediş desgalaryny we ykdysady merkezleri bilgeşleýin nyşana alandygyny, suw üpjünçilik ulgamlaryna we ýollaryna uly zyýan ýetirendigini aýtdylar. Gazanyň Ykdysadyýet ministrliginiň senagat işleri boýunça baş müdiri Raed al-Jarrar, Ysraýylyň Gaza zolagyna eden hüjümlerinde 50-den gowrak zawodyň weýran bolandygyny aýtdy. Palestina hökümetiniň Gazadaky maglumat gullugy Ysraýylyň Gaza zolagyna eden hüjümleri sebäpli 322 million dollar zyýan çekendiklerini habar berdi.
Ysraýylyň bu söweşde çeken ykdysady zyýanlary Gaza zolagyna ýetiren zyýanyndan has köpdi. Muhammet Abu al-Razzak "Adam ýitgileri,basyp alyjy Ysraýylyň režiminiň Palestina çydamy sebäpli çeken ýeke-täk zyýany däl, eýsem režimimi ykdysadyýetiniň ýapylmagy sebäpli her gün onlarça million dollar ýitgi çekdi" -diýdi. “"Ysraýylyň maýa bazarlarynda, biržalarynda we banklarynda söwda we ykdysady amallar görlüp-eşidilmedik derejede pese gaçdy we Ysraýylyň walýutasy dollara garşy 14 göterim pese gaçdy."
Mundan başga-da, Ysraýyl režiminde “Demir gümmez” ulgamyny ulanmagyň harby çykdajylary gaty ýokarydy. Ykdysatçy Ahmed Mesbah, Gaza garşy söweş we howpsuzlyk sebäpli kudusdäki basyp alyjy režime ýetirilen ykdysady ýitgileriň gaty uludygyny, Ysraýylyň şeýle ýitgileriň öňüni almak üçin raketa we demir gümmez gurmak üçin köp mukdarda pul sarp edendigini aýtdy.
Umuman aýdanyňda, Ysraýylyň Maliýe ministrliginiň bir çeşmesi Palestina garşylygy bilen režimiň arasyndaky ýaraşykdan soň, jemi içerki önümiň 0,3% bolan 2014-nji ýylda 51 gün dowam eden söweş bilen deňeşdirilende bu söweşiň ýetiren zyýanynyň 0,5 töweregi bolandygyny aýtdy. Ysraýylyň jemi içerki önümi 2 milliard dollara ýetdi. Bu, 2014-nji ýyldaky söweşiň dowamlylygy soňky söweşiňkiden 4 esse köpdi.
Iň soňky nokat; Bu söweş Ysraýylyň ykdysady ösüşine uly ýaramaz täsir edýär. Ysraýyl režimi 2021-nji ýylda ykdysady ösüşiň 6,3 göterim boljakdygyny çaklapdy, ýöne 12 günlük söweşiň täsiri sebäpli bu mümkin däl boljak ýalydyr.