Sionist režimiň umytsyzlyk sebäpli Gaza zolagyna hüjümi
Basyp alyjy Sionist režimi umytsyzlyk sebäpli Gaza zolagyna hüjüm edýär.
Ysraýylyň söweş uçarlary sişenbe güni irden Gazadaky sebitleri nyşana aldylar, habar çeşmelerine görä Ysraýylyň söweş uçarlary Han Yunisiň gündogaryndaky Mään sebitini we Gazanyň Al-Zaýtoun sebitini bir näçe raketalar bilen nyşana aldylar.
Ysraýyl goşuny, bu hüjümleriň Gaza zolagyndan Ysraýyla iberilýän gazaply şarlara jogap hökmünde Palestina Yslam Garşylyk Hereketiniň (Hamas) harby pozisiýalaryny nyşana alandygyny öňe sürdi. "Baýdak parady" diýlip atlandyrylýan Iýerusalimde geçirilen ýol ýörişden soňra bu hüjümler boldy. Baýdal parady Ekstremist sionistler tarapyndan her ýyl Gündogar Iýerusalimi basyp almagyň zerurdygyny nygtamak üçin geçirilýär, Sionist režim bolsa 12 günlük agressiýadan soň atyşygyň bes edilmegini kabul etdi. Bu režim Gazza söweşde ýaraşyk ylalaşygy üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ýüz tutdy. Knesset (Ysraýyl Ministrler Kabineti) ýekşenbe güni 61 ses berip 59 garşy üstüm çykdy we ekstremist Yamina partiýasynyň lideri Naftali Bennetiň kabinetini gurdy ,Naftali Bennet resmi taýdan premýer-ministr boldy, häkimiýetden pespällik bilen öňki premýer-ministr Benýamin Netanýahunyň wezipesini aldy. Naftali Bennet, Sionist ekstremistleriň basyşy we ministrler kabinetiniň ýykylmagynyň öňüni almak üçin döredileninden birnäçe sagat soň Iýerusalimde sionist ýörişine razy bolmaga mejbur boldy, ýöne Ysraýyl polisiýasy duşenbe güni dabaranyň gidişiniň üýtgändigini aýtdy. Al-Aksa metjidinden we Bab Al-Amuddan Jaffa köçesine barmaýan ýol bu dabaranyň ýoly boldy .
Çäräniň täzeden ugrukdyrylmagy, garşylyk we palestinalylar gorkusy sebäpli passiw ädim boldy. Beýleki tarapdan, Bennetiň kabineti, sionist jemgyýetçilik pikirini bu hereketden sowmak, şeýle hem palestina garşylygyna garşy güýjüni görkezmek üçin Gaza zolagyny birnäçe raketa bilen nyşana aldy.