Hytaýda uly nebit ýatagy tapyldy
Hytaýyň Milli Nebit Korporasiýasy ýurtda 900 million tonna ätiýaçlyk goruna eýe bolan nebit-gaz ýatagynyň tapylandygyny habar berdi.
IRNA habarlar gullugynyň Hytaýyň habar beriş serişdelerine salgylanyp beren habaryna görä, Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Sinkiýaň awtonom sebitindäki Teklemagan nebit ýatagyny tapmak üçin 8,480 metr çuňlukdaky guýy burawlandyb bu guýy sebitde burawlanan iň çuň guýydyr.
Hytaý 1993-nji ýyldan bäri dünýäde iň köp nebit we gaz import edýän ýurtlaryň biri bolup, häzirki wagtda nebit zerurlygynyň 60 göterimini daşarydan üpjün edýär.
Şeýle hem bu ýurt, öz energiýasyny üpjün etmek maksady bilen Merkezi Aziýadan bu ýurda ilkinji tebigy gaz geçiriji ugry 2009-njy ýylda işe girizildi we indi bolsa Gazagystandan we Özbegistandan Hytaýa gaz daşamak üçin her ýyl 55 milliard kub metr tebigy gaz Hytaýa daşamak üçin üç sany turbageçiriji bar.