Täjigistan bilen Gazagystanyň liderleri telefon arkaly Owganystan barada maslahatlaşdylar
Täjigistanyň we Gazagystanyň prezidentleri telefon arkaly söhbetdeşlikde Owganystandaky ýagdaý we onuň sebit howpsuzlygyna ýetirýän täsiri barada pikir alyşdylar.
Fars habar gullugynyň habaryna görä Täjigistanyň we Gazagystanyň prezidentleri Ymomali Rahmon we Kasym Jumart Takaýew Owganystandaky syýasy we howpsuzlyk wakalaryna göz aýladylar we owganlaryň arasyndaky gepleşik etabyna başlamakda hemmetaraplaýyn goldawyň we hyzmatdaşlygyň möhümdigini aýtdylar.
Rahman we Takaýew Owganystanyň demirgazygyndaky we demirgazyk-gündogaryndaky ýagdaýyň ýaramazlaşmagynyň netijeleri barada alada bildirdiler.
Iki prezidentiň arasyndaky gepleşiklerde beýleki möhüm sebit we halkara meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Halkara tagallalaryna garamazdan, owgan partiýalarynyň arasynda parahatçylyk gepleşikleri petiklenip durandyr.