Rahman Owganystanyň ýagdaýy barada Mirziýoýew, Takaýew we Putin bilen maslahatlaşdy
https://parstoday.ir/tk/news/world-i12346-rahman_owganystanyň_ýagdaýy_barada_mirziýoýew_takaýew_we_putin_bilen_maslahatlaşdy
Täjigistanyň prezidenti Özbegistanyň, Gazagystanyň we Orsýetiň prezidentleri bilen aýry-aýry telefon gepleşiklerinde Owganystandaky ýagdaýy ara alyp maslahatlaşdy.
(last modified 2021-12-27T10:31:41+00:00 )
Jul 06, 2021 16:34 Asia/Ashgabat
  • Rahman Owganystanyň ýagdaýy barada Mirziýoýew, Takaýew we Putin bilen maslahatlaşdy

Täjigistanyň prezidenti Özbegistanyň, Gazagystanyň we Orsýetiň prezidentleri bilen aýry-aýry telefon gepleşiklerinde Owganystandaky ýagdaýy ara alyp maslahatlaşdy.

Fars habar gullugynyň Duşenbe-den habaryna görä Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon we Özbegiýanyň prezidenti Şawkat Mirziýew Owganystandaky aladaly ýagdaý, esasanam demirgazyk we demirgazyk-gündogar sebitlerinde we Täjigistan-Özbek serhediniň golaýyndaky ýagdaý barada telefon arkaly gürrüň etdiler. Şeýle hem Rahman özbek kärdeşine owgan goşunlarynyň gaçybatalgasy barada maglumat berdi.

Şeýle hem Rahman, Gazagystanyň prezidenti Kasym Jomart Takaýew bilen Owganystandaky çylşyrymly ýagdaý barada telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi we iki tarap häzirki ýagdaýy jikme-jik ara alyp maslahatlaşdy.

Täjigistan bilen Orsýetiň prezidentleriniň telefon arkaly söhbetdeşliklerinde hem, Täjigistan-Owganystan serhediniň Kollektiwleýin Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasynyň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň günorta serhetlerini üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýe bolandygyny aýtmak bilen şonuň üçin serhet goragyny güýçlendirmek we Täjigistan serhetçilerine maddy we tehniki kömek bermek göz öňünde tutuldy.