Owganystanyň demirgazygyndaky Jawzjan welaýatynyň merkezi Talyban tarapyndan basyp alyndy
Owganystanyň demirgazygyndaky Jawzjan welaýatynyň merkezi Şeberghan şäheri Talyban tarapyndan basyp alyndy.
Şenbe güni Owganystanyň mejlisinde Jawzjan halkynyň wekili "Muhammet Karim Jawzjani" Şeberghan şäheriniň Talyban topary tarapyndan basyp alynmagyny tassyklap şeýle diýdi: Owgan goşunynyň we halk güýçleriniň ruhy ýeňilmekleri şäheriň ýykylmagynyň esasy sebäbidir.
Owgan hökümet güýçleri Şeberghan şäherinden doly yza çekildiler. bu hüjümlerde birnäçe owgan esgeri we parahat ilat öldürildi we ýaralandy.
Beýleki tarapdan, Owganystanyň demirgazygyndaky Takhar welaýatynyň ýerli işgärleri şu gün Owgan güýçleriniň bu welaýatyň merkezi Talokan şäherine Talyban hüjüminiň öňüni alandygyny we bu çaknyşykda Talyban toparynyň 36 agzasynyň öldürlendigini yglan etdi.
Söweşler Owganystanyň dürli ýerlerinde, şol sanda Kunduzda we Badahşanyň merkezindäki Faizabad şäherinde güýçli suratda dowam edýär.
Owganystanyň Adam Hukuklary Geňeşi hem Gazni welaýatynda Malistan etraby ýykylandan soň parahat ilatyň Talyban tarapyndan nyşana alnandygyny aýtdy.