Lawrow: Russiýa Owganystanda milli gepleşiklere başlamak isleýär
https://parstoday.ir/tk/news/world-i13038-lawrow_russiýa_owganystanda_milli_gepleşiklere_başlamak_isleýär
Russiýanyň Daşary işler ministri Russiýanyň Owganystanda ähli taraplaryň gatnaşmagynda milli gepleşikleriň gyssagly başlamagyny isleýändigini aýtdy.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Aug 19, 2021 14:54 Asia/Ashgabat
  • Lawrow: Russiýa Owganystanda milli gepleşiklere başlamak isleýär

Russiýanyň Daşary işler ministri Russiýanyň Owganystanda ähli taraplaryň gatnaşmagynda milli gepleşikleriň gyssagly başlamagyny isleýändigini aýtdy.

IRNA-nyň habaryna görä, Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow penşenbe güni ýurtda umumy ylalaşyga gelmek üçin Owganystanda milli gepleşiklere başlamagyň zerurdygyny aýdyp Moskwa Owganystan barada gepleşikleriň täzeden başlamagyna taýyn, ýöne häzirlikçe anyk teklip bolan däldir diýdi.

Russiýanyň Daşary işler ministri Russiýanyň "Talyban" toparynyň Owganystandaky beýleki taraplar bilen gepleşiklere taýýardygyny yglan etmegini garşylaýandygyny aýtdy.