Bakuw bilen Ýerewanyň arasyndaky dartgynlyk
https://parstoday.ir/tk/news/world-i13634-bakuw_bilen_Ýerewanyň_arasyndaky_dartgynlyk
Azerbaýjan bilen Ermeni güýçleriniň arasyndaky käbir aragatnaşyk liniýalarynyň çaknyşyklarynda iki tarapyň hem ejir çekmegi dowam edýär.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Sep 27, 2021 08:13 Asia/Ashgabat
  • Bakuw bilen Ýerewanyň arasyndaky dartgynlyk

Azerbaýjan bilen Ermeni güýçleriniň arasyndaky käbir aragatnaşyk liniýalarynyň çaknyşyklarynda iki tarapyň hem ejir çekmegi dowam edýär.


Azerbaýjanyň prezidenti bilen Ermenistanyň premýer-ministriniň arasynda Russiýanyň prezidenti tarapyndan araçylyk edilen parahatçylyk şertnamasynyň bir ýyl golaýlap durýandygyna garamazdan, Azerbaýjan bilen Ermeni güýçleriniň arasyndaky käbir aragatnaşyk liniýalarynyň çaknyşyklarynda iki tarapyň hem ejir çekmegi  dowam edýär.
Aslynda, Bakuwyň we Ýerewanyň ýolbaşçylarynyň arasynda Moskwanyň töwellaçylygy bilen iň möhüm parahatçylyk resminamasyna gol çekilenden bäri 9 aýdan gowrak wagtyň geçendigine garamazdan, ýagdaý dartgynly we bu sebitde we Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasyndaky serhetiň käbir ýerlerinde ýaraşyk düzgünleriň bozulmagy dowam edýär. Şol bir wagtyň özünde halkara araçylar ähli tagallalaryny gün tertibine goýdular. Bu tagallalaryň arasynda BMG-nyň Baş sekretary Antonio Guterresiň Azerbaýjan we Ermenistan Respublikasynyň Daşary işler ministrleri bilen ýakynda geçirilen aýratyn duşuşygy bar. BMG-nyň Baş sekretary Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow we Ermenistanyň Daşary işler ministri Ararat Mirzoýan bilen bolan duşuşygynda sebit hyzmatdaşlygyny ýokarlandyrmak we Kawkazda dowamly parahatçylygy ornaşdyrmak üçin tagallalary dowam etdirmäge çagyrdy. Tejribe, Bakuw bilen Ýerewan häkimiýetleriniň özara borçnamalarynyň esasan "kagyz ýüzünde" bolandygyny görkezdi. Hünärmenler atyşygyň bozulmagynyň we häzirki Azerbaýjan Respublikasy bilen Ermenistan arasyndaky harby çaknyşygyň güýçlenmeginiň esasy sebäpleriniň biridigini aýdýarlar. Daşary ýurt hökümetleriniň gatyşmagy, mysal üçin Azerbaýjan Respublikasy bilen Ermenistanyň Nahjawan sebitindäki dartgynlygydyr. "Azerbaýjan Zangzur koridoryny durmuşa geçirmek we Türkiýäni birleşdirmek üçin gün tertibine goýandygy aýdylýar.
"Nahjawan-Ermenistan serhedinde bolup geçen wakalar, Ermeni ýurduň ýolbaşçylaryny Azerbaýjan Respublikasynyň şertlerine we Bakuwyň gün tertibine laýyklykda gysga wagtda gepleşik stolunda oturtmaga mejbur etmek üçin ermeni ýaragly güýçlerine basyş etmek synanyşygydyr. 
Bu etapdan soň ,Bakuw bilen Ýerewan Kawkazda howpsuzlygy we parahatçylygy üpjün etmek üçin halkara jemgyýetçiligine özara wadalaryny berendenden soňra  , azerbaýjan we ermeni resmileri  "köp harby ýarag we doly ýarag satyn almak karara ýetdiler,Mysal üçin, Azerbaýjan Respublikasy, Sionist režiminden, Türkiýeden we Päkistandandan ýarag satyn alnandygyna garamazdan, Russiýadan hem ýarag satyn alynmagyny talap etdi diýip, Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew aýtdy.
Bakuw we Ýerewan häkimiýetleriniň gapma-garşylykly pozisiýalary iki ýurduň işgärleriniň daşary ýurt hökümetleriniň güýçli täsir edýändigini we beýleki ýurtlaryň bähbitlerine esaslanyp karar berýändigini görkezýär. Şeýle-de bolsa, soňky hepdelerde ýerewanyň hökümet işgärleri Azerbaýjan Respublikasyna garşy möhüm pozisiýa eýeledi we bu karary başgaça alyp bardy. Aslynda, "Nikol Paşinýan" hökümetiniň käbir kararlary içerki metbugat üçin içerki maksat hökmünde häsiýetlendirilýär, ýöne iş ýüzünde bolup geçýän wakalar Azerbaýjan Respublikasy bilen territorial we serhet dawalaryny bes etmek üçin bir ädimdir.