Owganystan bilen serhetdeş ýerlerde Täjigistanyň harby parady
(last modified Tue, 28 Sep 2021 16:57:11 GMT )
Sep 28, 2021 21:57 Asia/Ashgabat
  • Owganystan bilen serhetdeş ýerlerde Täjigistanyň harby parady

Täjigistanyň prezidenti Owganystan bilen serhetleşýän sebitde 2000 esgeriň we ofiseriň gatnaşmagynda harby parady baryp gördi.

Duşanbe şäherindäki Fars habar gullugynyň habaryna görä, Täjigistanyň Badahşan welaýatynyň Darwaz sebitindäki harby parada serhet goragçylarynyň esgerleri we ofiserleri, Goranmak ministrliginiň gury ýer güýçleri we ýurduň hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon Täjigistanyň garaşsyzlyk gününi gutlamak bilen Täjik esgerlerini ene watanlaryny goramaga çagyrdy.

Mundan ozal Täjigistanyň prezidenti BMG Baş Assambleýasynda eden çykyşynda adam hukuklary guramalarynyň Owganystan barada dymmagyny tankytlap giňişleýyn hökümetiň gurulmagynyň zerurlygy barada we hökümetiň gurluşyny kesgitlemek üçin referendumyň geçirilmeginiň zerurdygyny aýtdy.

Ondan soň Owganystandaky Talybanyň wagtlaýyn hökümetiniň orunbasary "Molla Abdul Ghani Baradar" Al-Jazeera telewideniýesine beren interwýusynda: Täjigistan Owganystanyň içeri işlerine goşulmagyna garşydyr diýdi.

Tags