Täjik we rus resmileriniň arasynda howpsuzlyk maslahaty
https://parstoday.ir/tk/news/world-i13784-täjik_we_rus_resmileriniň_arasynda_howpsuzlyk_maslahaty
Täjigistanyň we Orsýetiň prezidentleri sebitleýin howpsuzlyk we Täjigistanyň Owganystan bilen serhetlerini goramak boýunça telefon arkaly maslahatlaşdylar.
(last modified 2021-12-27T10:31:41+00:00 )
Oct 06, 2021 16:40 Asia/Ashgabat
  • Täjik we rus resmileriniň arasynda howpsuzlyk maslahaty

Täjigistanyň we Orsýetiň prezidentleri sebitleýin howpsuzlyk we Täjigistanyň Owganystan bilen serhetlerini goramak boýunça telefon arkaly maslahatlaşdylar.

Täjigistan Döwlet habarlar gullugynyň (GÜNDOGAR) habar bermegine görä Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşliginde, Owganystandaky soňky wakalar we ýurduň serhedinde howpsuzlygy ýokarlandyrmagyň zerurlygy barada pikir alyşdy.

Hasabata görä, Putin we Rehman Owganystandaky ýagdaý boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy we diplomatik gatnaşyklary artdyrmak barada ylalaşdylar.

Orsýet mundan ozal Talybanyň Owganystanda häkimiýete geçeli bäri Täjigistan bilen Talybanyň arasyndaky dartgynlygyň güýçlenmegine alada bildiripdi.

Talyban ýakynda Täjigistan hökümetini Owganystanyň içerki işlerine goşulmakda aýyplandyr.