Putin Owganystanyň maliýe aktiwleriniň doňdurulmagyny goldaýar
Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, Halkara Waldaý jedelleşik klubynyň Soçidäki maslahatynda çykyş etdi
Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, Owganystandan 20 ýyl çykmadyk NATO agza ýurtlaryň bu ýurtda başdan geçirilen hadysalaryň jogapkäridigini belläp: "Etmeli ilkinji zatlary Owganystanyň maliýe aktiwlerini doňdurmak we Owganystanyň güntertibindäki sosial we ykdysady meseleleri çözmegine mümkinçilik bermekdir" diýip belledi.
Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, Halkara Waldaý jedelleşik klubynyň Soçidäki maslahatynda beýanat berdi.
Owganystandaky ýagdaýyň kadalaşmagy üçin ykdysadyýetiň ýaňadandan dikelmegine kömek berilmeginiň gerekdigini aýdan Putin, Hytaýyň, Russiýanyň we Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasyna agza ýurtlaryň bu tapgyra gatnaşmagynyň ähmiýetini belläp geçdi.
Owganystandan 20 ýyl çykmadyk NATO agza ýurtlaryň bu ýurtda başdan geçirilen hadysalaryň jogapkäridigini aýdan Putin: "Meniň pikirimçe etmeli ilkinji zatlary Owganystanyň maliýe aktiwlerini doňdurmak we Owganystanyň güntertibindäki sosial we ykdysady meseleleri çözmegine mümkinçilik bermekdir" diýip habar berdi.
Putin, Russiýanyň we Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasyna agza ýurtlaryň Owganystana goňşy bolan ýurtlaryň raýatlarynyň ýagdaýy nähili bolsa bolsun özlerini howpsuzlyk astynda duýmaklaryny üpjün etmek üçin iş alyp barjakdyklaryny aýan etdi. Russiýa, 2021-nji ýylyň awgustynda "Talyban" Owganystany ele geçireli bäri iki taraply pozisiýa eýeledi. Moskwa Talybany Owganystandaky hakykat diýip ykrar edýär we bu ugurda işleýär. Emma bu Talibanyň kanuny we meşhur hökümet hökmünde ykrar edilmegi aňlatmaýar. Bu mesele Russiýanyň ýokary derejeli syýasy işgärleri tarapyndan ençeme gezek gaýtalandy. Moskwanyň esasy tagallasy Taliban bilen has ýakyn gatnaşyk gurmakdyr. Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow Taliban wagtlaýyn hökümetiň ýurtdaky syýasy we harby ýagdaýy durnuklaşdyrmak ugrundaky tagallalaryna ünsi çekip, "Talibanyň Owganystandaky ähli syýasy güýçleriň gatnaşmagynda öz içine alyjy hökümet gurmagyna garaşýarys" -diýdi. "Owganystanda parahatçylygy we howpsuzlygy ýola goýmak meselesi täze Kabul resmileriniň esasy wezipesi bolmagynda galýar".