Ýewropa ýurtlary sionist režiminden şäherçe gurmak işlerini bes etmegi talap etdi
https://parstoday.ir/tk/news/world-i14132-Ýewropa_ýurtlary_sionist_režiminden_şäherçe_gurmak_işlerini_bes_etmegi_talap_etdi
Ýewropa ýurtlary bilelikdä beýannama berip, sionist režimiň şäherçe gurmak işleriniň bes edilmegini isledi.
(last modified 2021-12-27T10:31:41+00:00 )
Oct 28, 2021 18:25 Asia/Ashgabat
  • Ýewropa ýurtlary sionist režiminden şäherçe gurmak işlerini bes etmegi talap etdi

Ýewropa ýurtlary bilelikdä beýannama berip, sionist režimiň şäherçe gurmak işleriniň bes edilmegini isledi.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, Germaniýanyň Daşary işler ministrligi we EUB-ne agza 11 ýurt penşenbe güni beren beýanatynda sionist režimi Iordan derýasynyň günbatar kenarynda şäherçe gurmagy derrew bes etmäge çagyrdy.

Germaniýanyň Daşary işler ministrligi we Ýewropa Bileleşiginiň beýleki 11 döwleti bu beýannamada Sionist režiminiň basyp alnan Palestina sebitlerinde ilatly ýerleri ösdürmek syýasatyna berk garşydyklaryny we onuň halkara hukugyna ters gelýändigini aýtdylar.

Sionist režim, Iordan derýasynyň günbatar kenaryndan basyp alnan ýerlere has köp ýer goşmak üçin sionist şäherçeleriniň gurluşygyny artdyrdy.