Rus resmisi: Ýadro gepleşiklerinde Eýrana edilýän basyşlar netijesizdir
Orsýetiň Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekili Wasiliý Nebenzia: "Tejribäniň görkezişi ýaly, Eýranyň ýadro programmasy boýunça gepleşikleri çaltlaşdyrmak üçin Eýran Yslam Respublikasyna garşy basyşlar netijesizdir diýdi."
IRNA-nyň habaryna görä, anna güni Birleşen Milletler Guramasyndaky metbugat ýygnagynda Orsýetiň Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekili Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ýadro şertnamasynyň çägine dolanmak isleýändigini aýtmak bilen Eýranlylar gepleşiklere gaýdyp barmaga howlukmaýandyklary üçin ABŞ tarapyndan tankyt edilýärler, ýöne Eýrana edilýän basyşlar netijesizdir diýdi.
Nebenzianyň bu sözleri, Eýranyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ali Bageriniň anna güni Raşatoday habarçysyna beren interwýusynda Eýran delegasiýasynyň Brýussel saparynyň netijelerini açyklap şeýle diýdi: P4 + 1 bilen geçirilen gepleşiklerdäki maksadymyz ABŞ-nyň Eýrana garşy bikanun we eziji sanksiýalaryny ýatyrmakdy, şu esasda şertler, talaplar we göze görnüp duran netijelere ýetmek barada Ýewropa tarapy bilen söhbetdeş bolduk.
Ol şeýle-de ýadro gepleşiklerinde öňegidişligiň beýleki tarapyň bikanun sanksiýalary ýatyrmak islegine baglydygyny aýtdy.