Ýewropadaky bosgun krizisiniň güýçlenmegi
https://parstoday.ir/tk/news/world-i14320-Ýewropadaky_bosgun_krizisiniň_güýçlenmegi
Bosgunlaryň Ýewropanyň serhetlerine gelmegi bu materigi ýene bir gezek krizise saldy.
(last modified 2021-12-27T10:31:41+00:00 )
Nov 10, 2021 11:01 Asia/Ashgabat
  • Ýewropadaky bosgun krizisiniň güýçlenmegi

Bosgunlaryň Ýewropanyň serhetlerine gelmegi bu materigi ýene bir gezek krizise saldy.

Gaçybatalga gözleýänleriň gelmegine garşy ÝB-niň dürli ýurtlary Serhetlerini ýapdylar we olary kabul etmegi has kynlaşdyrdylar.Bu barada,Gündogar Ýewropa ýurtlary has köp gaçybatalga gözleýänler bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar, Şonuň üçin Polşanyň häkimiýetleri bu ýagdaýa alada bildirip,Bosgunlaryň gelmegine garşy göreşmek üçin serhet ýakasynda 12,000-den gowrak harby ýerleşdirdi.
Sosial ulgamlarda ýerleşdirilen wideolarda ýüzlerçe gaçybatalga gözleýänleriň Polşa serhedine ýakynlaşýandygy görkezilýär.Muňa garamazdan Birnäçe hepde öň Polşanyň mejlisi gaçybatalga gözleýänleriň gelmegine garşy durmak üçin serhetde hemişelik diwaryň gurmagyna rugsat beripdi.
Soňky aýlarda, halkara arenasyndaky syýasy üýtgeşmeler, şol sanda Owganystanda "Talybanyň" häkemiýete ýetmegi bilen Ýewropa tarapa täze migrasiýa tolkuny başlandy. Bu gaçybatalga gözleýänleriň köpüsi howpsuzlyk we asuwdalyk gazanmak umydy bilen  Ýewropa serhetlerine gelýärler welin,Ýewropa ýurtlary bolsa 2016-njy ýyldaky krizisiň gaýtalanmagyndan gorkup, gaçybatalga gözleýänler üçin serhetlerini ýapandyrlar.
Beýleki tarapdan,ÝB bilen Belarusyň arasyndaky syýasy dartgynlykda hökümetleriň arasyndaky bäsdeşliklerde gaçybatalga gözleýänleriň syýasy taktika hökmünde ulanylmagyna sebäp bolandyr. Soňky aýlarda Polşa, Litwa, Latwiýa we Ýewropa Bileleşigi Belarus hökümetini migrantlary bilkastlaýyn ÝB-ä itermekde aýypladylar. Brýussel, Belarus hökümetiniň bu ädimini Ýewropa Bileleşigine garşy "Minskyň gibrid söweşi" diýip atlandyrdy we munuň soňky aýlarda, Brýusseliň Minskä garşy girizen sanksiýalaryna jogap hökmünde ,Belarus hökümetiniň ar alyş ädimidigini aýtdy welin Bu talap Belarus hökümeti tarapyndan ret edilendir.
Germaniýanyň   NTV "tele ýaýlymynyň wes saýty,Polşanyň berk syýasatlary sebäpli bu ýurduň Belarus bilen serhedlerinde galan bosgunlaryň ýagdaýy barada hasabatynda: Gaçybatalga gözleýänleriň ýagdaýynyň pajygalydygyny we olaryň ,Açyk howada gijelerine nol derejede, gündizleiine takmynan 8 derejede  ; Iýmitsiz, çadyrsyz we lukmançylyk kömeksiz   ýaşaýandyklaryny aýtdy.Germaniýanyň bu metbugaty şeýlede, guramalaryna we žurnalistlere bu Gaçybatalga gözleýänlere  baryp görmäge rugsat berilmeýär diýip yglan etdi.
Gaçybatalga gözleýänleriň agyr we adamkärçiliksiz şertleri ,halkara guramalarynyň,Polşa ýaly Ýewropa ýurtlaryna duýduryş bermegine sebäp bolandyr. 
  Ýygnagda aýtsak,Ýewropa ýurtlary elmydama ynsan söýerligi, adam hukuklarynyň goralmagyny, adam hukuklaryna hormat goýulmagyny we halkara arenasynda erkinligi toslasalarda,gaçybatalga gözleýänlere garşy berk we adamkärçiliksiz syýasatlary ýöretýärler.