Ýewropada Koronawirus Sebäpli Ýogalýanlaryň Artmagy
Ýewropada Koronawirus Sebäpli Ýogalýanlaryň Sany 10 Göterim Artdy
Dünýäde soňky bir hepde-de 48 müň adam hem Kovid-19 sebäpli ýogaldy.
Ýewropada täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany soňky bir hepdede 10 göterim, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 7 göterim artdy.
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň hepdelik habarnamasyna görä, dünýäde 2021-nji ýylyň noýabr aýynyň 1-7-i aralygynda wirusa ýoluganlaryň sany 1 göterim artdy.
Soňky bir hepdede 3,1 million adama koronawirusyň ýokaşandygy anyklandy.
Dünýäde soňky bir hepde-de 48 müň adam hem Kovid-19 sebäpli ýogaldy.
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň hepdelik habarnamasyna görä, Ýewropa ýurtlarynda wirusa ýoluganlaryň sany soňky bir hepdede 7 göterim, epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany bolsa 10 göterim artdy.
Türkiýäniň koronawirusa garşy göreşi dowam edýär.
Soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli çekilen adam pidasy 197 boldy.24 sagadyň dowamynda 356 müň 4 adam testden geçirildi.Gündelik hasaba alynanlaryň sany bolsa 24 müň 898 adama ýetdi.
Saglyk ýagdaýy gowulaşan 24 müň 360 adam öýlerine ugradyldy.Beýleki tarapdan Türkiýede häzire çenli edilen birinji, ikinji we üçünji doza sanjymlaryň sany 118 million 34 müň 876-a ýetdi.