Hindistan Hindistan-Merkezi Aziýa başlyklar sammitini geçirmegi teklip edýär
https://parstoday.ir/tk/news/world-i14676-hindistan_hindistan_merkezi_aziýa_başlyklar_sammitini_geçirmegi_teklip_edýär
Hindistanyň premýer-ministri bu ýurt bilen Merkezi Aziýanyň başlyklar sammitini geçirmegi teklip etdi.
(last modified 2021-12-27T10:31:41+00:00 )
Dec 05, 2021 21:33 Asia/Ashgabat
  • Hindistan Hindistan-Merkezi Aziýa başlyklar sammitini geçirmegi teklip edýär

Hindistanyň premýer-ministri bu ýurt bilen Merkezi Aziýanyň başlyklar sammitini geçirmegi teklip etdi.

Fars habar gullugynyň habaryna görä, ýekşenbe güni Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdymuhamedowy ýurduň garaşsyzlygynyň ýyl dönümine gatnaşmaga çagyrmak bilen Hindistan-Merkezi Aziýa başlyklar sammitini geçirmegi teklip etdi.

Hindi garaşsyzlyk güni 2022-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda Nýu-Delide belleniler.

Şeýle hem Hindistanyň premýer-ministri "Gurbanguly Berdymuhamedowa" iberen ýüzlenmesinde Nýu-Deliniň Türkmenistan we Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklaryny giňeltmegi isleýändigini aýtdy.