Putiniň Hindistana sapary we dürli ölçegleri
(last modified Wed, 08 Dec 2021 06:09:55 GMT )
Dec 08, 2021 11:09 Asia/Ashgabat
  • Putiniň Hindistana sapary we dürli ölçegleri

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin, korona wirus epidemiýasy başlanaly bäri duşenbe güni Nýu-Deli-e ikinji sapary bilen baryp,Hindistanayň premýer-ministr Narendra Modi bilen duşuşyp maslahatlaşdy.

Putin Hindistanda ilkinji çykyşynda bu ýurdy “beýik güýç” we “ygtybarly ýaran” diýip häsiýetlendirdi.
Putiniň Hindistana saparynyň maksady gatnaşyklary berkitmek we bu ýurt bilen harby we energiýa hyzmatdaşlygynyň derejesini giňeltmek diýilip yglan bolandyr. Elbetde, bu meselelerden başga-da, Putin we Modi käbir halkara meselelerde-de çykyş etdiler we bilelikdäki beýannamada Eýrana garşy sanksiýalary ýatyrmak baradaky gepleşikleri goldadylar. 
goranyş pudagynda tehniki hyzmatdaşlyk barada 10 ýyllyk şertnama we iki ýurduň arasynda bir ýyllyk nebit şertnamasyna gol çekişmek ,Putiniň Modi bilen duşuşygynyň iň möhüm netijelerinden biri boldy.   Elbetde, bular ,Hindistan-Russiýanyň 21-nji sammitinde gol çekilen 28 şertnamanyň diňe käbirleridir.
Harby meselelerden başga-da, energiýa ,Putiniň Hindistana eden saparynň  ýene bir möhüm meselesi bolandyr. Russiýanyň wekiliýetinde "Russia Oil" -yň başlygy Igor Seçin hem bardy we iki ýurduň arasynda birnäçe möhüm energiýa şertnamasyna gol çekildi.

2021-nji ýylyň iýul aýynda neşir edilen Russiýanyň Milli howpsuzlyk strategiýasy resminamasynda Russiýanyň Hindistan bilen gatnaşyklarynyň giňelmegine aýratyn üns berilýär. 
Sowuk uruşdan soňky döwürde, Moskwa bilen Nýu-Deli dürli ykdysady, harby, ýarag we ýadro ölçegleri boýunça biri-biri bilen giň gatnaşykda bolmagy we şol bir wagtyň özünde BRICS toparynyň we Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agzalary ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy  giňeltmäge synanyşýarlar .
Moskwa bilen Nýu-Deliniň arasyndaky adaty gatnaşyk Sowet Soýuzynyň dargamagyndan we Sowuk Uruş gutaraly bäri dowam edýär. Russiýa bilen Hindistan indi ikitaraplaýyn gatnaşyklaryny"aýratyn we artykmaç strategiki hyzmatdaşlyk" diýip atlandyrýarlar.
Syýasy bilermen" Nandan Unnikrişnan"Hindistan-Russiýa gatnaşyklarynyň tebigaty we Russiýanyň Hytaýa ýakynlygy we Hindistanyň ABŞ-a ýakynlygy ,Moskwa-Nýu-Deliň gatnaşyklaryna täsir etmegi ýa-da täsirsiz bolmagy barada köp pikirler bardy ,diýimek bilen, ýöne bu duşuşyk bu çaklamalary soňlatýar diýdi ."
Şol bir wagtyň özünde, Russiýa uzak wagtdan bäri Hindistanyň iň möhüm harby hyzmatdaşy we Nýu-Delä ilkinji ýarag satýan we iberiji bolup gelýär. Hindistan harby we ýarag gatnaşyklaryny dürli görnüşl etmäge synanyşsa-da, Putiniň Nýu-Delä eden sapary Russiýanyň Hindistanyň harby üpjünçiliginde çalşyp bolmajak rol oýnaýandygyny görkezýär. Hindistanyň soňky ýyllarda ýaragly güýçlerini döwrebaplaşdyrmaga synanyşandygyny göz öňünde tutup, Russiýadan ýarag satyn almak hindi döwlet işgärleri üçin aýratyn orun eýeleýär; Hususan-da, S400 roketa ulgamyny Russiýadan satyn almak, Hindistany iň möhüm ýarag  satyn almasydyr
Elbetde, Amerikanyň Birleşen Ştatlary ,Russiýanyň ýarag eksport kuwwatyny çäklendirmegi maksat edinýän Katsa kanuny arkaly ,Moskwa bilen giňişleýin ýarag gatnaşyklary bolýan ýurtlara sanksiýalar girizjekdigini duýdurdy.
 

Tags