Hytaý goşuny Taýwanyň golaýyndaky suwlarda türgenleşik geçirdi
https://parstoday.ir/tk/news/world-i14708-hytaý_goşuny_taýwanyň_golaýyndaky_suwlarda_türgenleşik_geçirdi
Hytaý goşunynyň bomba atyjy uçarlary Hytaý deňziniň çuň suwlarynda minalary goýmak işini maşk etdiler.
(last modified 2021-12-27T07:01:41+00:00 )
Dec 09, 2021 12:58 Asia/Ashgabat
  • Hytaý goşuny Taýwanyň golaýyndaky suwlarda türgenleşik geçirdi

Hytaý goşunynyň bomba atyjy uçarlary Hytaý deňziniň çuň suwlarynda minalary goýmak işini maşk etdiler.

Ýaş habarçylar klubynyň habaryna görä, bu türgenleşik, Hytaý goşunynyň H6G bombaçylarynyň Taýwanyň kenaryndaky suwlarda gatnaşmagynda geçirildi.

Göni ok atmak Hytaýyň deňiz güýjüniň harby bombaçylarynyň maşklarynyň bir bölegi boldy.

Soňky günlerde Hytaý bilen ABŞ-nyň arasynda Taýwan adasy boýunça dartgynlylyk ýokarlandy.

Pekin Taýwany Hytaýyň çäginiň aýrylmaz bir bölegi hasaplaýar we ABŞ-nyň Taýpeýdäki hereketlerini we ýarag söwdasyny özygtyýarlylygyny bozmak we "Bitewi Hytaý" syýasatyna ters hasaplaýar.

Şeýle-de bolsa, ABŞ Taýwan bogazyna harby gämi ibermek bilen sebitde dartgynlylygy döredýär.