Hindi goşunynyň öz gözegçiligindäki Kaşmirde operasiýasy
(last modified Fri, 10 Dec 2021 21:54:32 GMT )
Dec 11, 2021 02:54 Asia/Ashgabat
  • Hindi goşunynyň öz gözegçiligindäki Kaşmirde operasiýasy

Hindi metbugaty bu ýurduň gözegçiligi astyndaky Kaşmiriň "Şopian" sebitinde hindi howpsuzlyk güýçleri bilen söweşijileriň arasyndaky ýaragly çaknyşygy habar berdi.

Düýbi Nýu-Delide ýerleşýän kowmy owazy adly neşiriň habaryna görä, hindi howpsuzlyk güýçleri sebiti gabamak bilen söweşijileri tussag etmek üçin gözegçiliklerini we harby operasiýalaryny güýçlendirdiler.
Hindistanyň içerki we sebitdäki iň möhüm meseleleriniň biri Kaşmiriň özygtyýarlylyk meselesidir. .Kaşmir 3 sebite bölünýär,Hindistan uly sebitini  özüne degişli hasaplaýar we Kaşmiriň bir sebitini Pakistan özüniňki bilýär we beýleki Himaliýa dagyndäki kiçi bölegini Hytaý özüniňki bilýär. Şeýle-de bolsa, Hindistan Kaşmiri öz çäginiň aýrylmaz bir bölegi hasaplaýar we onuň bölünmegine garşy çykýar.şol bir wagtyň özinde Pakistan 1947-njy ýyldaki Iňlisleriň kolonizasiýasy tarapyndan Hindi  subkontinentiň bölünşi esasynda, Kaşmiri öz musulman oturymly bölegi hasaplap , gözegçiligi astyndaky Kaşmir şäherine onuň beýleki bölümlerini birikdirilmegini nygtaýar.
Goranmak boýunça analitik A.şoka ,Hindistanyň premýer-ministri Modi 2014-nji ýylda Kaşmir we Päkistan meselesinde berk pozisiýaň ýola goýulmagyny wada berip gudrata ýetdi,çünki Hindistanyň ýokary derejeli ýolbaşçylary  ýurduň howpsuzlyk meselelerine we kynçylyklaryna Hindistany çäklendirmek strategiýasynyň jogap bermejekdigine ynanýarlar diýip aýtdy.
Bharatiyajanata milletçi partiýasynyň Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modiniň hindi hökümeti Jammu we Kaşmir baradaky Konstitusiýanyň 370-nji maddasyny ýatyrmak bilen sebitdäki aýratyn ýagdaýy gutardy. arena. Hindistanda ykdysady meýilnamasyny öňe sürmek üçin ekstremist hindileri we oňa degişli guramalary özüne çekip, hindi syýasatynda öz ornuny saklamak üçin göreşýär.
syýasy meseleler boýunça bilermen Brahma Chelani hem, Hindistanyň çäginden daşardaky söweşijiler bilen söweşmekden başga Nýu-Deliň çäresi ýok diýen pykryň ýaňişdigini aýtdy.
Şeýle-de bolsa, Hindistanyň gözegçiligindäki Kaşmirde söweşjeň hereketleriň dowam etmegi, Modiň harby howpsuzlyk we administratiw meýilnamalarynyň we hereketleriniň sebitdäki krizisiň çözülmegine sebäp bolmandygyny görkezýär. 
Kaşmir krizisi ýedi on ýyldan gowrak wagt bäri diňe bir Hindistanyň içerki işlerine däl, eýsem Pakistan bilen gatnaşyklaryna-da kölege saldy we iki gezek Hidisan bilen Pakistanyň arasynda uruşa sebäp boldy.Yslamabadyň hökümeti sebitiň wekilleri bilen ikitaraplaýyn ýa-da üç taraplaýyn gepleşikler arkaly Kaşmir krizisini çözmegi talap edýär we BMG Howpsuzlyk Geňeşi öz karary bilen Kaşmiriň ykbalyny kesgitlemek üçin referendum geçirmegi nygtaýar. Hindistan bu çözgütleriň hemmesini ret edýär we Kaşmire gözegçilik etmek üçin hereketlerini dowam etdirýär. Şol bir wagtyň özünde-de Hindistan, möhüm sebit güýji bolmak we jogapkärli keşbi döretmek üçin Kaşmir krizisini çözmelidir we goňşulary bilen düşünişmezlikleri bes etmelidir.

Tags